Document

Hünär bilimi edaralarynyň tejribe okuwlaryny “hyýaly hakykat” tehnologiýasy arkaly sanlylaşdyrmagyň usuly

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • Hünär bilimi edaralarynyň tejribe okuwlaryny “hyýaly hakykat” tehnologiýasy arkaly sanlylaşdyrmagyň usuly
Image
  • 15/04/2022
  • 890

Hünär bilimi edaralarynyň tejribe okuwlaryny “hyýaly hakykat” tehnologiýasy arkaly sanlylaşdyrmagyň usuly

Ylmy işiň maksady:

   Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyna degişli birnäçe Konsepsiýalar we maksatnamalar hereket edýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”,  “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär. Ýokarda bellenip geçilýän Konsepsiýalardaky we maksatnamalardaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Himiýa ylmyny öwrenýän hünärmenler üçin «hyýaly hakykat» tehnologiýasynda işleýän programma üpjünçiligini işläp düzmek.

Ylmy işiň wajyplylygy:

        ABI Research analitiki kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda dünýädäki
“hyýaly hakykat”(HH) tehnologiýalarynyň bazary 25-26 milliard ABŞ dollaryna çenli öser. Hytaý Halk Respublikasynyň  hasabatlaryna görä, 2021-njy ýylyň birinji ýarymynda “hyýaly hakykat” synp otaglarynda bilim alýan ýaşlaryň ýetişigi adaty synp otaglarynda bilim alýan ýaşlar bilen deňeşdirilende 43% ýokary. Amerikanyň birleşen ştatlarynyň Ýel uniwersitetinde “hyýaly hakykat” tehnologiýasyny ulanyp öt haltasynyň operasiýasy üstünlikli synagdan geçirildi. “Hyýaly hakykat” tenologiýasyny ulanýan topar 29% çalt we ýalňyşlyklary az goýberdi. Maglumatlar görnüşi ýaly häzirki wagtda dünýäde «hyýaly hakykat» tehnologiýalary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar we özüniň netijeliligini subut edýär.

“Hyýaly hakykat” tehnologiýasyny bilim ulgamynda ulanmaklygyň artykmaçlyklary

  1. Görnükliligi. Hyýaly giňişlik, hakyky dünýäde görüp bolmaýan ýa-da düşünmesi gaty kyn prosesleri jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, adam bedeniniň anatomiki aýratynlyklary, dürli mehanizmleriň işi we şuňa meňzeşler. Kosmosa uçuşlar, ýüzlerçe metr suwuň aşagyna çümmek, adam bedenine syýahat etmek – “hyýaly hakykat” tehnologiýasy adamlar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
  2. Ünsi çekmek. Hyýaly dünýäde adama daşarky gyjyndyrjylar täsir etmeýär. Ol ünsüni öwrenýän dersinde jemläp, ony has gowy öwrenip biler.
  3. Gyzyklanma. Okuw prosesiniň mazmunyny ýokary takyklyk bilen programmirläp we dolandyryp bolýar. “Hyýaly hakykatda” talyplar himiýa tejribelerini geçirip, taryhy wakalary görüp we çylşyrymly meseleleri has gyzykly we düşnükli görnüşde çözüp bilerler.
  4. Howpsuzlyk. “Hyýaly hakykatda” çylşyrymly operasiýalary, ulag dolandyryş ukyplaryňyzy ösdürmek, ylmy-barlag işleri ýaly birnäçe amallary töwekgelçiliksiz ýerine ýetirmek mümkin. Işiň çylşyrymlydygyna garamazdan, okuwçy özüne ýa-da başgalara zyýan bermez.
  5. Netijelilik. Eýýäm geçirilen synaglaryň esasynda “hyýaly hakykaty” ulanyp, okuwyň netijeliliginiň nusgawy görnüşden azyndan 10% ýokarydygyny görmek mümkin.

“Hyýaly hakykat” tehnologiýasyny ulanyp hünär bilimi edaralarynda tejribe okuwlaryny geçmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen programma üpjünçiligini işläp düzmek

   Häzirki wagtda “hyýaly hakykat” üçin programma üpjünçiligini işläp düzmek üçin birnäçe programmirleme dilleri we hereketlendiriji modullar ulanylýar. Programmirleme dilleriň arasyndan C/C++, C#,  JavaScript, Swift, Python, Java ýaly programmirleme dilleri belläp geçmek bolar. Ylmy işde C# programmirleme dili ulanyldy.

            Hereketlendiriji modullaryň arasynda iň ýörgünlileri Unity we Unreal Engine. Ylmy işde Unity hereketlendiriji moduly ulanyldy.

“Himiýany öwren” programma üpjünçiligimiz Windows operasion ulgamlarynda, ýagny: Windows7, Windows8, Windows10, Windows11 operasion ulgamlarynda işlemäge mümkinçiligi bar.

Netije

      Ylmy işde “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”,  “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürülýär. Ylmy işde “Hyýaly hakykat” tehnologiýasynyň taryhyna, häzirki wagtdaky ýeten sepgitlerine we bu tehnologiýanyň dünýä bazaryndaky tutýan ornuna, elektron senagat pudagynyň taryhyna we häzirki ösüş depginlerine syn berilýär. Olardan başga-da “Hyýaly hakykat” tehnologiýasyny bilim ulgamynda ulanmagyň dünýä tejribesine esaslanyp, Türkmenistanyň hünär bilimi edaralynda tejribe okuwlaryny geçmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen “Himiýany öwren” atly programma üpjünçiligi işlenip düzüldi we synaglardan geçirildi.

            Döwrebap enjamlaryň özüne düşýän bahasynyň düzüminde sarp edilen çig malyň orny ujypsyzdyr, esasy bölegini bolsa, bu enjamy işläp taýýarlamakda ýerine ýetirilen intellektual işi, ýagny material däl serişdeler düzýändigi nukdaý nazaryndan häzirki wagtda ýurdumyzda programma üpjünçiliklerini işläp düzmek ugry boýunça ylmy işleriň alnyp barylmagy Konsepsiýalarda we maksatnamalarda goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde peýdaly bolar diýip hasap edýäris.

Mekan Akmämmedow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Okatmagyň tehniki
serişdeleri bölüminiň I derejeli inženeri

         Salgylanma:

  1. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”.
  2. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”.
  3. “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”.
  4. “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy”.
  5. https://itit.edu.tm/

 

Çeşme:https://ashgabat.in/2022/02/03/hunar-bilimi-edaralarynyn-tejribe-okuwlaryny-hyyaly-hakykat-tehnologiyasy-arkaly-sanlylasdyrmagyn-usuly/

Ähli hukuklary goralan.