TÜRKMENISTANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝALAR WE INFORMATIKA INSTITUTY
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
Bakalawr maksatnamasy:
- Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrma we amaly informatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl – dil taýýarlygy, 4 ýyl - bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary görkezilen ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- pasportyny;
- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harbywekillikden güwä hatyny (asyl nusgasy).
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
- Ahal welaýaty — iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, 4-i we 6-sy günleri;
- Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-8-i günleri;
- Mary welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 12-si we 14-i günleri;
- Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 15-i günleri;
- Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 18-i we 20-si günleri;
- Balkan welaýaty — awgust aýynyň 17-si, 19-y we 21-i günleri.
Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Taýýarlygyň “Awtomatlaşdyrma we amaly informatika” (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) ugry boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler iňlis dili boýunça söhbetdeşlik geçýärler
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar