BILDIRIŞ
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «AI Product Hackathon» atly okuw sapaklarynda berilýän ýumuşlara talyplaryň özbaşdak taýýarlyk görmegine kömek edýän emeli aňy işläp taýýarlamak ugry boýunça Hakaton bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan edýär.
Hakaton bäsleşigi toparlaýyn görnüşinde geçirilip, bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 4 talypdan köp bolmadyk 1 topar gatnaşyp biler.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän talyp toparlaryny hasaba almak basleshikttweii@gmail.com elektron poçta salgysynyň üsti bilen 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 1-25-i aralygynda amala aşyrylýar.