Önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakulteti

  • Baş sahypa
  • Önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakulteti

Önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakulteti

Robot tehnikasynyň Halkara federasiýasynyň görkezijilerine görä, 2017-nji ýylda dünýä boýunça her 10 müň sany iş ýerine düşýän robotlaryň sany 85 deň bolup, bu görkeziji 2016-njy ýyl bilen deňeşdirlende 15 göterim ýokarlandy. 2017-nji ýylda Koreýa Respublikasy önümçilikde roboty ulanmakda öňdebaryjy döwlet diýip yglan edildi. Bu ýurtda robotlaryň 10 müňden 710 sanysy ulanylýar. Ikinji ýeri Singapur – 658, üçünji ýeri Germaniýa – 322, 4-nji we 5-nji ýerleri Ýaponiýa we Şwesiýa 308 we 240 görkezijileri bilen eýeleýärler. Ýewropa Komissiýasy tarapyndan 2018-nji ýylda çap edilen “Sanly ykdysadyýetiň we jemgyýetiň halkara indeksi” atly hasabatynda Koreýa Respublikasynyň birinji orny eýeleýändigini göz öňünde tutsak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň derejesi önümçiligiň robotlaşdyrylmagy bilen baglydyr. Sanly tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy bilen “Senagat 4.0” düşünjesi döredi. Onuň manysy önümçiligiň dürli görnüşine kiberfiziki ulgamlary ornaşdyrmak we adamlaryň durmuş, zähmet we dynç alyş talaplaryny kanagatlandyrmak bilen baglydyr. Senagat 4.0 ýörelgesi ornaşdyrylan iri önümçilik desgalarynda tutuş önümçilik işi awtomatlaşdyrylýar we bir adam tarapyndan dolandyrylýar.

Image

Kafedralar

Hünärler

Image

Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň ýokary...

Doly oka →
Image

Awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň ýokary...

Doly oka →

Ähli hukuklary goralan.