Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

Image
  • 22/11/2021
  • 19144

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

Gün-günden özgerýär, gül açýar Diýar,

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

Bedew bady bilen has öňe barýar,

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

 

Sport ösdürilýär, toplum gurulýar,

Binalaň hatary uzalyp barýar,

Arkadag geljegi uzakdan görýär,

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

 

Bu döwürde ýaş nesiller bagtyýar,

Okaýas, öwrenýäs, elde ygtyýar,

Bu gün halkym bagtyň eşretin görýär,

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

 

Ogulbäbek MEREDOWA, institutyň 2-nji ýyl talyby.

Ähli hukuklary goralan.