Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aspirantura bölüminde aşakdaky hünärler boýunça aspirantura kabul edilýär we kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärler hasaba alynýar:
- 01.04.10 – Ýarymgeçirijileriň fizikasy hünäri boýunça;
- 05.12.13 – Telekommunikasiýa ulgamlary, torlary we gurnawlary hünäri boýunça;
- 05.13.01 – Ulgamlaýyn seljerme, informasiýany dolandyrmak we işlemek (pudaklar boýunça) hünäri boýunça.
“Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama” laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Gerekli maglumatlary şu ýerde görüp bilersiňiz
Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyrlar.
Aspiranturada doly okuw geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär.
Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek 3 ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar.
Bir wagtyň özinde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär.
Gerekli maglumatlary şu ýerde görüp bilersiňiz
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly.
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara hasaba alynýar.
Gerekli maglumatlary şu ýerde görüp bilersiňiz