Häzirki döwürde iki ugurda, ýagny berkidilen (sim arkaly) we ykjam (radioaragatnaşyk) görnüşde işjeň ösýän telekommunikasion infrastruktura sanly geçirijiniň esasy bolup hyzmat edýär. Institutda bu ugurlar boýunça hünärmenler Telekommunikasiýalar fakultetiniň “Aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary”, “Köpkanally telekommunikasiýa ulgamlary” we “Infokommunikasiýa tehnologiýalary” hünärlerinde taýýarlanýar.
Dürli sanly hyzmatlaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň görkezijileri yzygiderli artýar, hususan-da, “Digital Economy Compass” kompaniýasynyň statistiki maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda bütin dünýä boýunça 1,5 trillion dollarlyk elektron söwda edilen bolsa, 2022-nji ýylda bu möçber 2,2 trillion dollara çenli artar diýip çak edilýär. Şunuň bilen baglylykda, söwda we hyzmatlar pudaklarynyň işini sanly giňişlige geçirmek döwrüň möhüm meselesi bolmak bilen, bu ugurda “Infokommunikasiýa tehnologiýalary” hünäriniň talyplary düýpli bilim alýarlar.
Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň ýokary...
Doly oka →Ähli hukuklary goralan.