2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Täze IT ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny sanlylaşdyrmak üçin programmalary işläp taýýarlaýan we sanly enjamlar bilen üpjünçilik merkezi hökmünde gysga döwürde guwandyryjy netijeleri gazandy. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar durmuşymyza giňden ornaşýar. Olary ulanmaýan pudagy göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Programma üpjünçiligi ýaly “arassa sanly önümlerden” başga-da, sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny ösdürmekde özboluşly binýat bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem, milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşi döwletiň garaşsyz tehnologiýa, programma üpjünçilik ulgamyna gönüden-göni baglydyr. Şol sebäpli, häzirki döwürde bütin dünýäde iň islegli hem-de ýokary zähmet haky tölenýän hünärler IT ugurlaryndadyr. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň öňdebaryjy tehnosferasyny döretmek işi, esasan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýerine ýetirilýär. Mälim bolşy ýaly, dünýäde ýokary girdejili, iri kompaniýalar maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar bilen baglydyr. Olaryň gözbaşy bolsa, köplenç, bilim ojaklaryndaky talyplaryň ylmy-barlag tejribehanalaryndan gaýdýar. Häzir şeýle iri kompaniýalar tehnologiýalar dünýäsiniň ösüş ugurlaryny kesgitleýärler. Statistiki maglumatlara görä, iri göwrümli öňdebaryjy kärhanalaryň serişdeleriniň 80 göterimi maddy däl ugra – işgärleriň bilimdir başarnygyna, döredijilikli zähmetine, şeýle-de, täzeçil önümçilik çözgütlerine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagynyň esasynda, ilkinji nobatda, adam kapitaly (IKT ulgamynda ussat hünärmenler we alymlar) bilen telekommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüşi durýar. Sanly ykdysadyýete geçmekde zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda jemi 21 hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan 5 fakultet döredildi.
Ähli hukuklary goralan.