Document

Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti

  • Baş sahypa
  • Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti

Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti

Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň ilkinji meselesi sanlylaşdyrmagyň amatly usulyny tapmakdyr. Bu “forsaýt” (iňlis dilinden terjime edilende, “öňdengörüjilik”, “geljege bolan garaýyş”) diýip atlandyrylýan barlagy geçirmegi talap edýär. Forsaýtyň usullary geljegi öwrenmäge, strategik oýlanmaga, çözgütleri kabul etmäge we durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Olary netijeli ulanyp, sanly gurşawyň ösüş modelini kesgitlemegi we düzmegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň baş maksadydyr. Bu fakultetde “Biznes-informatika”, “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş”, “Amaly informatika” we “Logistika” hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanýar. “Biznes informatika” hünärinde üç ugur –işewürligi dolandyryş, informasion ulgamlar we kompýuter ylymlary boýunça nazary bilimleri we amaly tejribeleri peýdalanyp, häzirki zaman kärhanalarynyň meselelerini çözmäge ukyply hünärmenlere bilim berilýär. Bu hünärleri ele alýanlara häzirki zaman tehnologiýalaryndan, kompýuter ylymlaryndan baş çykaryp, olaryň mümkinçiliklerini telekeçilik işlerinde ulanmak başarnygy hem öwredilýär. Şeýle-de, fakultetde howpy öňünden görmek we dolandyrmak tehnologiýalary, aýratyn-da, zaýasyz peýdalanyş usulyna esaslanýan sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşi üçin maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň yzygiderliligi öwrenilýär: monitoring → ulgamlaryň we prosesleriň matematiki modelirlenmegi → öňdengörüjilik → dolandyryjy täsirleriň sintezi → dolandyryjy täsirleriň netijeleriniň öňdengörüjiligi we optimizasiýa → çözgüt kabul etmek → netijeleri derňemek → meýilnamalaşdyrmak → monitoring.

Image

Kafedralar

Hünärler

Image

Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň ýokary...

Doly oka →
Image

Logistika

Şu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň ýokary...

Doly oka →

Ähli hukuklary goralan.