Akylly öý

Image
  • 22/11/2021
  • 97

Akylly öý

“Ýaş alymlar geňeşinde” ses buýruklary arkaly dolandyrylýan “Akylly öý” ulgamy işlenip düzüldi.  Bu ulgam öz ulanyjysyna internet ulgamyndan peýdalanyp daş aralykdan öz öýüni ýagny öýdäki elektrik enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Eger ulanyjy öýüň içinde bolan ýagdaýynda onda bu ulgam “offline” ýagdaýda işläp başlaýar, ýagny ulanyja internet toruna birikmek gerek däl. Şonuň esasynda ulanyjy öz internet üçin harajatlaryny hem tygşytlap bilýär. Bu ulgamy dolandyrmak üçin Android platformasyna niýetlenen programma üpjünçiligi JAVA we C++ dillerinde işlenip düzüldi ýagny bu ulgamy Android platformasynda işleýän smartfonlaryň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Ulgamy iş ýagdaýyna getirmek üçin öz mobil telefonymyzda programma üpjünçiligini işe göýberýäris we buýruk düwmesine basyp gerekli buýrugymyzy aýdýarys. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarda daşary ýurt dillerinde okuw dersleri alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan işlenilip düzülen “Akylly öý” ulgamy hem iňlis dilindäki buýruklar arkaly dolandyrylýar.

Ähli hukuklary goralan.