Döwrüň talabyndan ugur alyp

Image
  • 17/12/2021
  • 271

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynda ýaş alymlar geňeşine ýaşlaryň ençemesi höwes bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde döredilýän mümkinçiliklerden höweslenýän Ýaş alymlar geňeşiniň mugallymlary we talyplary häzirki wagtda birnäçe taslama işleriniň üstünde işleýärler. Olar dürli bäsleşiklere hem gatnaşýarlar. Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Sanly innowasiýalar” atly programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik geçirildi. “Sanly çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bu bäsleşige beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş mugallymlary bilen birlikde biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary- da işjeň gatnaşdylar.

Institutymyzyň ikinji ýyl talyby Akgözel Gurbangulyýewanyň bäsleşige hödürlän “Onlaýn resminama kabul ediş ulgamy” atly taslamasy artykmaç sarp edilýän kagyz işlerini azaltmaga, maglumatlary elektron görnüşe geçirmäge sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, institutymyzyň ýaş alymlar geňeşiniň agzasy we awtomatlaşdyrma kafedrasynyň mugallymy Şirmuhammet Wepaýew häzirki wagtda “AVR” arhitekturaly 8bit mikrokontroller arkaly öýjükli telefonyň taslamasynyň üstünde işleýär. Öýjükli telefon 2,8 dýuýmly TFT ekran bilen, micro-USB 2G ulgamlarynda işlemek üçin GSM modal bilen we 1000 mAs akkumulýator bilen ornaşdyrylandyr. Öýjükli telefonyň daşky gaby 3D ölçegde çap etme usuly bilen ýerine ýetirilendir. Daşky gabyň materialy hökmünde birnäçe barlaglaryň netijesinde polioksid saýlanyp alyndy.

Önümçilige gönükdirilen taslama işleriniň ýene-de biri Akylly öý ulgamynyň dolandyryş bölekleri bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäde köp önüm öndürijiler Akylly öý ulgamlary üçin öz enjamlaryny we serişdelerini alyjylara teklip edýärler. Bu enjamlaryň esasy ýetmezçiligi öýüň maglumatlaryny daşary ýurt serwerlerine ugradýarlar we şol sebäpden Akylly öý ulgamynyň maglumat alyş-çalyş tizligi peselýär. Bu enjamlaryň ýokary bahasyny hem ýatdan çykarmaly däl. Institutymyzyň aragatnaşygyň radiotehnologiyalary fakultetiniň 3nji ýyl talyplary Daýanç Ýazlakow we Sapargeldi Rejepow awtomatlaşdyrylan ýyladyşhana taslamasynyň üstünde işleýärler. Ýyladyşhana birnäçe mümkinçilikleri özünde jemleýär. Olaryň arasynda howanyň temperaturasyna we çyglylygyna gözegçilik, dolandyrmak, topragyň çyglylygyna gözegçilik etmek hem-de gerek bolan wagtynda awtomatiki ýagdaýda suwarmak, ýyladyşhananyň howasyny çalyşmak ýaly amallary belläp geçmek bolar. Ýokarda bellenip geçilen amallaryň ählisini öýjükli telefonyňyzdaky programma üpjünçiligi tarapyndan dolandyrylýar.Ekilen ösümlige baglylykda degişli önümçilige görä temperaturany, çyglylygyny we suwaryş ýygylygyny programma üpjünçilikden berip bolýar.
Taslama işleriniň ýene-de biri hyýaly hakykat tehnalogiýasy bilen baglanyşykly Jepbarguly Suhangeldiýew we Suhrab Ataniyazow 3DMax programmasynyň kömegi bilen Ýaş alymlar geňeşiniň tejribehanalaryny 3D ölçeglere geçirdiler. Hyýaly hakykat äýnegini geýip siz Ýaş alymlar geňeşiniň tejribehanasyny görüp bilýärsiniz we degişli dolandyryjylaryň kömegi bilen birnäçe tejribe işlerini geçirip bilýärsiňiz. Institutymyzyň maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ahmet Şihlyýew kiçi ýaşly çagalara harp öwredýän robot
taslamasynyň üstünde işleýär. Häzirki wagtda robot türkmen elipbiýindäki harplary öwredýär. Haçan-da harply RFID karty robota degireniňde robot haýsy harpdygyny we şol harpdan başlaýan bir sözi aýdýar. Bu amallardan soň robot galamyň ýa-da ruçkanyň kömegi bilen harpy kagyza ýazyp başlaýar. Geljekde ýaş alym robota birnäçe dilleri goşmagy maksat edinýär.

Taslama işleriniň ýene-de biri welosiped üçin niýetlenen tizligi ölçeýji enjam bolup durýar. Enjamyň birinji bölegi dolandyryja, ikinji bölegi tekere goýulýar. Enjam welosipediň tizligini we geçen ýoluny kesgitleýär we sürüjiniň türgenleşik wagtynda näçe güýji sarp edendigini görkedýär. Bu taslamany institutymyzyň 1-nji ýyl talyby Mekan Seýitkulyýew ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, zehinli talyplarymyzyň ençemesi dürli täsirli işleriniň üstünde işleýär! Bu bolsa biziň ýaşlarymyzyň zehin gorunyň açylmagyna uly itergi berýär.

Döwrangeldi Suwhanow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň
Öwreniji mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.