- 15/12/2021
- 834
"UI Green Metric"
"UI Green Metric"
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty üçin 2021-nji ýylyň 14-nji dekabrynda ýene-de bir şatlykly habar gelip gowuşdy.2021-nji ýylyň 14-nji dekabrynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işlere baha berip, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny düzýän UI Green Metric tarapyndan resmi Internet sahypasynda http://greenmetric.ui.ac.id 2021-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawy görkezildi. 2021-nji ýyl üçin taýýarlanan sanawda dünýäniň dürli ýurtlaryndan 956 sany ýokary okuw mekdebi bolup, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bu sanawda 388-nji orny eýeleýär. «Ekologiýa we daşky gurşawy goramak» boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriň sanawy düzülende ýokary okuw mekdeplerinde esasy 6 sany ugur boýunça alnyp barylýan işlere baha berilýär. Olar:
1) «Amatly şertler döredilen ýokary okuw mekdebiniň gurluşy»;
2) «Gaýtadan dikeldiýän energiýa çeşmeleri ulanmak we klimatyň
üýtgemegine garşy göreşmek»;
3) «Daşky gurşawa zyýanly galyndylaryň taşlanmagyna garşy göreşmek»;
4) «Suwuň tygşytly peýdalanylmagy»;
5) «Ulaglary çäklendirilmek we pyýadalaryň sanyny artdyrmak»;
6) «Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça makalalary, ylmy
işleri we okuw-usuly materiallary taýýarlamak».