- 26/11/2021
- 2161
Ýaş talyp gyz talyplyga dalaşgär ýaşlar üçin web-sahypa taýýarlady
Ýaş talyp gyz talyplyga dalaşgär ýaşlar üçin web-sahypa taýýarlady
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 2-nji ýyl talyby Akgözel Gurbangulyýewa ylma täze teklibini hödürleýär. Talyp gyzyň taýýarlan web-sahypasy — talyplyga dalaşgär ýaşlar üçin täze mümkinçilik döretjek täze taslama.Talyp gyz ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Sanly innowasiýalar» atly programma üpjünçiligi boýunça bäsleşige «Sanly bilim» ugry boýunça gatnaşyp birinji orny eýelemegi başardy.Ýaş web-dizaýner gyzyň täze taslamasy «Onlaýn resminama kabul ediş ulgamy» diýlip atlandyrylýar. Ol artykmaç sarp edilýän kagyz işlerini azaltmaga, maglumatlary elektron görnüşe geçirmäge, ýüze çykýan nobatlary aradan aýyrmaga, sarp edilýän wagty azaltmaga mümkinçilik berer.Talyp gyz özüniň täze web-sahypasynda ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin resminama tabşyrylýan möwsümi sanly ulgamda geçirmegi teklip edýär. Ýagny talyplyga dalaşgär raýatlaryň talap edilýän resminamalary ýokary okuw mekdebine gelmezden, islendik wagtda we islendik ýerde dolduryp bilmegi, ýokary okuw mekdebiniň resminamalary kabul ediş toparynyň bolsa, maglumatlary gönüden-göni elektron nusgada almagy we süzgüçlemegi, olaryMS Word we MS Excell görnüşlerinde ýükläp bilmegi täze taslamanyň baş maksadydyr.Ulgamda ähli maglumatlar telefona ýa-da kompýutere gurnalan web-brauzeriň kömegi bilen awtomatiki usulda ýüklenilýär. Saýt ulanyjylaryň öz şahsy otagyny döretmegi bilen işe başlaýar we ol 3 sahypadan ybarat.«Sowalnamalar» sahypasynda raýat özi barada maglumatlary talap edilýän görnüşde doldurmaly we ugratmaly.«Garyndaşlar barada» maglumat sahypasynda dalaşgär özüniň 3 arkasy, ýagny ýakyn dogan-garyndaşlary baradaky maglumatlaryny girizmeli.«Arza» sahypasy resminamalary ýüklemek üçin niýetlenen sahypadyr. Bu ýerde degişli maglumatlar ýüklenenden soňra, kabul ediş toparyndan jaň arkaly maglumat gelýär. Ýokary okuw mekdebine baryp, orta bilim hakyndaky şahadatnamany tabşyryp, dalaşgär giriş synagyna çagyryş hatyny alyp gaýtmaly.