Document

Türkmenistanda sanly ulgam boýunça işleýän hususyýetçiler barha köpelýär

Image
  • 22/11/2021
  • 1088

Türkmenistanda sanly ulgam boýunça işleýän hususyýetçiler barha köpelýär

Türkmenistanda sanly düzümi ösdürmäge gönükdirilen kompaniýalaryň hatarynda «IT-Park» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Sanly ulgam», «Türkmen-tranzit», «Sanly tehnologiýa merkezi», «Imdat Elektronik» hususy kärhanalarynyň toplan tejribesi işewürligi innowasion esasda ösdürmekde möhüm ähmiýetlidir. «Berk ojak», «Türkmen berk metal» hususy kärhanalarynyň, «Hil standart» hojalyk jemgyýetiniň, «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň bu tejribe esasynda işläp, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan hususy telekeçileriň arasynda 2019-njy ýylyň jemi boýunça yglan edilen «Ýylyň öň­debaryjy işewüri» atly bäsleşigiň «Innowasion tehnologiýalaryny we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýylyň öň­debaryjysy» diýen ugry boýunça ýe­ňiji bolandyklaryny bellemeli― diýip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna öz hyzmatlaryny hödürleýän hususy kärhanalaryň hatarynda «Türkmen-tranzit», «Sanly ulgam» hojalyk jemgyýetleriniň has tapawutlanýandygy buýsandyrýar. «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti 2010-njy ýylda döredilip, häzirki zaman maglumat tehnologiýasynyň öň­debaryjy gazananlaryny ýurdumyza ornaşdyrýar. Ulgamlaýyn integrator hökmünde toplumlaýyn üpjünçiligi we dünýä boýunça öň­debaryjy öndürijileriň ýokary tehnologiýaly enjamlaryny işe girizýär. Hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki iri kompaniýalaryň onlarçasy bilen hyzmatdaşlyk saklap, maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalary pudagynda işleýän ýokary tehnologik kompaniýany döretmek taglymyny iş ýüzüne geçirmekde netijeli işleri alyp barýar.

«Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti resminamalaryň dolanyşygyny we býujeti dolandyryş ulgamyny girizmegi, internet dükanlarynyň web-sahypalaryny işläp taýýarlamagy, tehniki goldaw bermegi we internet torunda öňegidişligi gazanmagy, IT-hyzmatlarynyň toplumlaýyn çözgüdini, ulgamlaýyn integrasiýany, kiberhowpsuzlygy esasy ugur edinýär. Bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynda oňa degişli ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyndan, suwdan we gazdan peýdalanmak üçin saýtyň we mobil goşundynyň içinden onlaýn hasaplaşygy tölemäge mümkinçilik berýän çözgüt durmuşa geçirildi. «Hasar» hojalyk jemgyýetinde süýji we konditer önümlerini öndürýän zawodda toplumlaýyn awtomatlaşdyrmak boýunça döwrebap çözgüt işe girizildi. Korporatiw sahypa işlenip düzüldi. Gigiýenik serişdeleriň lomaý söwdasy boýunça ýöriteleşdirilen «Arassa önüm» hususy kärhanasyna söwdany we buhgalterçilik hasabyny toplumlaýyn awtomatlaşdyrmak üçin häzirki zaman çözgütleri ornaşdyryldy. Olaryň sanawyna başga-da, «Belent», «Ynamly kepil», «Halkara audit», «Ak tam», «Akylly tilsimat», «Türkmen terminal» ýaly hususy kärhanalaryň onlarçasyny goşmak bolar. 

Çeşme: turkmenportal.com

Ähli hukuklary goralan.