Aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulmak

Image
  • 26/11/2021
  • 1267

Aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulmak

Aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulmak
Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiziö Kararyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Söwda-senagat edarasynyň guramagynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel – 2021” atly XIV Halkara onlaýn maslahaty geçirildi.             Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähtden, döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirlendir.                                     Bu halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlary bolan, aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän “NOKIA”, “HUAWEI”, “Thales”, “Afghan Wireless”, “Delta Telecom Ltd”, “Rostelecom”, “Eastwind”, “Azertelecom” we beýlaki kompaniýalar bar. Maslahatyň başynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalyna ýygnananlar we daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar.                               Hawa, halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitindäki esasy ulgam hökmündäki ösüşiniň aýratyn ugurlaryny däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny hem kesgitleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlary geçirmegiň döwletara optiki-süýümli ulgamlarynyň 8-si hereket edýär. Gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer. Şeýle-de sebitde söwda-ykdysady hem-de maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň ygtybarly we howpsuz işlemegini üpjün eder.    Foruma gatnaşyjylar sebitde halkara magistral göwrümini ösdürmek we sanly transformasiýany çaltlandyrmagyň meýilleri boýunça hem pikir alyşdylar. Forum tamamlanandan soňra, “Sanly çözgüt-2021” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy.
Muhammetnazar Myradow
Türkmenistanyň
Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň
mugallymy

Ähli hukuklary goralan.