- 26/11/2021
- 1151
HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ ROWAÇ MENZILLERI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri hem halkara guramalary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýar. Milli Liderimiziň bütin dünýäde parahatçylygyň berkidilmegine, halkara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzalarynyň biri bolan Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ykdysadyýet, durmuş, daşky gurşawy goramak, ylym, bilim, medeni we beýleki ugurlarda umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp, uzak möhletli maksatnamalarydyr taslamalary işläp düzmeklige we amala aşyrmaklyga mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň saýlap alan daşary syýasy ugry bütin dünýäde parahatçylygyň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýan gönükdirilendir. Türkmenistan bilen dünýäniň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygy özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap nusgalaryny dikeltmek, ulag-üstaşyr gatnawlarynyň ýola goýulmagyny, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen söwda, ykdysady, ylym-bilim we beýleki ugurlarda dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek babatda durmuşa ornaşdyrylýan işler halkymyzyň şonuň üçin umumadamzadyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça geçirilýän işler Türkmenis ta nyň Owganys ta nda parahatçylykly ösdürmäge, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletiň, sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyny ýygjamlaşdyrmaga goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan BMG-niň dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek baradaky ähli başlangyçlaryny goldamak bilen bu ugurda degişli işleri amala aşyrmaga mynasyp goşant goşýar. Çünki Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini iş ýüzünde amala aşyrmak bilen öz döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdir ýär. Munuň özi türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara hormat goýulýan deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan ynsanperwer ýörelgelerinden gözbaş alýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda alnyp barylýan giň gerimli işler halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Muňa ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit we özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmagy aýdyň mysaldyr. Ýokary derejede geçirilen bu halkara maslahatda Günorta we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, sebit howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigi nygtaldy. Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga ýardam edýän durnukly we amatly şertleriň döredilmeginiň derwaýysdygy bellenildi. Halkara maslahatda ulag-logistika, energetika, söwda, önümçilik, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we täze tehnologiýalar babatda sebitiň ýurtlarynyň gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Bu bolsa Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmeklige özboluşly itergi berer. Halkara maslaha tyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy. Onuň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alşylyp, saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag, bilim ulgamlarynda amala aşyrylýan we göz öňüne tutulýan bilelikdäki taslamalara seljerme berildi. Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen awtoulag, demir ýollary, deňiz we howa ýollary arkaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän ýylynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň açylmagy we Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde we täze derejelere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada söz açyp: «Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda hem Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýändigini, ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny täze röwüşde dikeltmek boýunça başyny başlan strategiýasynyň hem-de hytaýly hyzmatdaşlaryň «Bir guşak — bir ýol» taslamasynyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Türkmen we hytaý halklarynyň ynsanperwer garaýyşlardan ugur alýan başlangyçlary umumy taryhy ýörelgelere esaslanmak bilen, döwletleriň hem-de halklaryň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň golaýda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherine bolan saparynyň çäklerinde Garabogaz aýlagyny Hazar deňzi bilen birleşdirýän akabanyň üstünden geçýän köprini döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp gurmak babatda beren tabşyryklary hem ulag-logistika pudagyny ösdürmekde, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini täze derejelere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Gazagystan — Türkmenistan halkara ulag gatnawlarynyň ugruny geljekde Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen birleşdirmeklige giň mümkinçilikler açar. Hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygy babatdaky parahatçylyga, halklaryň arasyndaky özara ynanyşmaga gönükdirilen ynsanperwer syýasaty dünýä uzaýan dost-doganlyk ýollarda hem özboluşly beýanyny tapýar. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde hem halkara gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň hil taýdan täze derejä çykan bilim ulgamy ösüşiň belentliklerine tarap batly gadamlar bilen barýandygyny belläsimiz gelýär. Döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we or ta okuw mekdepleriniň okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine, daşary ýurt intellektual ýaryşlaryna we internet-bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler we altyn, kümüş medallara, diplomlara mynasyp bolýarlar. Halkara bilim beriş maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan ÝUNISEF, ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Jemgyýetimiziň ösüşiniň özgerdiji güýji bolan ylym ulgamy ýurdumyzyň durmuşynda derwaýys orny eýeleýär. Eziz Diýarymyzda ylmy ösüşi hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň, hem-de tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetçilik we durmuş meselelerini çözmäge gönükdirmek milli Liderimiziň ýurdumyzyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň öňünde goýýan esasy wezipeleriniň biridir. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň akademiki, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça nazary we amaly taýdan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde nano, bio hem-de maglumat tehnologiýalary, robot tehnikasy, molekulýar biologiýa, innowasion ykdysadyýet ýaly ylmyň ugurlaryny hem-de pudaklaýyn senagaty ösdürmäge we dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarynda hereket edýän aspiranturalardadyr doktoranturalarda ylmy derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geljegi möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ylmy edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işinde dünýäniň iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygyny dowam etdirmäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmalarynyň yzygiderli artmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek, milletiň täze intellektual ulgamyny kemala getirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasaty nyň özboluşly ne ti je si dir. Türkmenis tan döw le timiz de mil li intel lektual eýeçi li gi ösdürmek we ony halkara derejesine çykarmak, işläp taýýarlamalaryň, açyşlaryň hem-de innowasiýalaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Milli intellektual eýeçiligiň bitewi maglumat elektron binýady döredilýär we kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ul ga mynda amala aşyrylýan özgertmeleriň halkara ülňülerine laýyklykda ýola goýulmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de ähli taraplaýyn ösmegine, halkara abraýynyň belende galmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatda edilýän işler halkara ülňülerine laýyklykda ýola goýuldy. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, dünýä tejribesini ornaşdyrmaga itergi berýär. Ylmytehniki ösüşiň gazananlarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, şahsy kompýuter enjamlarynyň bilim işinde giňden ulanylmagy sanly bilim ulgamynyň döwrebap ýola goýulmagyna mümkinçilik döredýär. Sanly bilim ulgamy raýatlarymyzyň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimizi ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim we beýleki ähli ugurlarda gülledip ösdürmekde, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmekde il-ýurt bähbitli işleri durmuşa ornaşdyrýan milli Liderimiziň täze başlangyçlary rowaç alsyn, jany sag, ömri uzak bolsun!
Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň rektory,
tehniki ylymlarynyň kandidaty.