Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Image
  • 26/11/2021
  • 678

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. 30 ýylda güneşli Diýarymyzda örän beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz Ýer ýüzünde ýokary depginler bilen öňe barýan, halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurt hökmünde giňden tanalýar.

Berkarar Watanymyzda ähli ugurlarda ýokary derejelere ýetilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti kämilleşdirmekde, raýat jemgyýetini ösdürmekde, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny artdyrmakda, ähli ýurtlardyr halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde guwandyryjy üstünlikler gazanyldy.

Garaşsyz ýurdumyzy depginli ösdürmekde, milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, merdana halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmakda, Ýer ýüzünde Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belende götermekde her bir raýatymyzyň uly goşandy bardyr, berkarar döwletimiziň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyzyň ählisi uly hormat-sylaga mynasypdyr.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we goranmak ukybyny berkitmekde, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we kommunikasiýa, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de ýurduň durmuşynyň beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ylmyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory Nurnepes Annaýewiç Kuliýewiç;

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ykjam we wideomaglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Aýna Meretdurdyýewna Niýazgulyýewany;

 

Çeşme://turkmenportal.com/tm/blog/39981/turkmenistanyn-prezidentinin-turkmenistanyn-garashsyzlygynyn-30-yyllygyna-atly-turkmenistanyn-yubiley-medaly-bilen-sylaglamak-hakynda-permany

Ähli hukuklary goralan.