«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edildi

Image
  • 22/11/2021
  • 928

«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurduň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, «Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň ugurlary:

- saglygy goraýyş

- ylym we bilim

- senagat

- ulag we kommunikasiýa

- hyzmatlar ulgamy

- orta we kiçi telekeçilik

- akylly şäher

Bäsleşige ýurduň ähli fiziki we ýuridiki şahslary bäsleşigiň ugurlary boýunça özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel – 2020» atly halkara sergisiniň geçirilýan günleri jemlener.

Bu bäsleşigi geçirmek barada 13-nji martda Minstrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Öwezow Türkmenistanyň Prezidentine hasabat beripdi.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary agentligiň internet saýtyndan alyp bilerisiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Tel: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13

Çeşme: telecom.tm

Ähli hukuklary goralan.