- 26/11/2021
- 1315
TELEKOMMUNIKASIÝALAR WE INFORMATIKA INSTITUTY — dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda
2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde «Times Higher Education (THE)»žurnaly dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky sanawyny çap etdi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyz boýunça ilkinji gezek habarçyagza hökmünde bu sanawa girizildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak babatda beren tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Diýarymyzyň ähli bilim ojaklarynda, şol sanda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem yzygiderli işler alnyp baryldy. Institutda 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň reýtinglerini düzýän «Times Higher Education (THE)» žurnaly tarapyndan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky sanawyna habarçy-agza hökmünde girizilmegi milli Liderimiziň bu ugurda öňde goýan wezipeleriniň ilkinji miwelerini berip başlandygyny alamatlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem işler guramaçylykly alnyp barylýar. Ony ýerine ýetirmegiň birinji tapgyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň maksatnama tor üpjünçiligi, onuň binýadynda bolsa sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portallary elektron resminamalary, elektron poçtany, uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işlerdir olimpiadalary, okuw kitaplaryny, okatmagyň elektron serişdelerini özünde jemleýär. Bulardan başga-da, institutda sanly tehnologiýalaryň, 5G aragatnaşyk bekediniň we ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şeýle hem sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly, dersler boýunça döwrebap elektron usuly okuw kitaplary, gollanmalary, wideo we audiomateriallar, interaktiw-multimedia maksatnamalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Mugallymlardyr talyplar ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirilen döwrebap kompýuterlerden peýdalanyp, sanly kompýuter maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar. Institutyň elektron kitaphanasynda elektron maglumat gorlary döredilip, onuň üsti bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dürli dersler boýunça bäsleşikler guralýar. Elektron kitaphanadyr okuw otaglarynyň bir bitewi tor ulgamyna birikdirilip, elektron kitaplaryň döredilmegi talyplardyr mugallymlaryň ähli okuw kitaplaryndan, gollanmalardan netijeli peýdalanmaklaryna, daşary ýurt edebiýatlaryny okap, ylymdyr tehnikada bolup geçýän täzelikler bilen ýakyndan tanyşmagyna giň mümkinçilik berýär. «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykardy. Şoňa görä-de, Diýarymyzda ylym-bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýum serişdeleri goýberilýär, degişli kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýylar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti barada aýdylanda, onuň ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini ösdürmäge, milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, adam maýasyny we «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanda tehnologik we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Bu ýerde ylmy önümi işläp taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek, dürli pudaklara ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar we gazanylanlar önümçilige ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sanly bilim ulgamyna doly geçmek milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylýan innowasiýalaryň geriminiň has giňelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Çünki geljekde ýurdumyzy syýasy-ykdysady, medeni, saglygy goraýyş, bilim we beýleki pudaklar babatda ösüşlere alyp gitjek ýaş hünärmenlerimiziň dünýäniň tehnologik ösüşleriniň iň täze gazananlaryndan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi möhümdir. Şu nukdaýnazardan, institutda işlenip taýýarlanylan 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda hem hut şu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Meýilnama laýyklykda, talyplaryň we professor-mugallymlaryň halkara akademiki gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribeler esasynda okuw hem-de ylmy işlere innowasion usullary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ylym bilen meşgullanýan hünärmenleriň taýýarlygyny döwrebap derejede kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar.
Kakabaý HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.