- 26/11/2021
- 4921
Maşgaladan başlanýan mukaddes iş
Maşgala — jemgyýetiň iň kiçi topary bolmak bilen bir hatarda, jemgyýetiň esasyny düzüjidir. Çünki maşgaladan başlanýan terbiýe çaganyň geljekki durmuşynyň özenini düzýär. Türkmen halkymyz maşgala mukaddeslik hökmünde garap, çaga terbiýesine wajyp orun beripdir. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Maşgalam — baş galam», «Edep altyndan gymmat» ýaly birnäçe atalar sözi pederlerimiziň maşgala terbiýesine aýratyn üns berendiginiň alamatydyr. Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy netijesinde jemgyýetimizde çaganyň irki ösüşine, sagdyn kemala gelmegine aýratyn üns berilýär. Edepli, terbiýeli çagany göreniňde, göwnüň galkynyp, guwanjyň artýar. Elbetde, terbiýeçilik işini dogry alyp barmak ene-atanyň öňündäki uly wezipe bolup durýar. Hut şonuň üçin ene-atalar çaganyň dünýä inen ilkinji günlerinden başlap, öz edýän hereketlerine, aýdýan sözlerine üns bermelidirler. Sebäbi çaga biziň aýdýan zatlarymyzy däl-de, edýän hereketlerimizi gaýtalaýar. Şu ýerde şeýle rowaýaty getirmek ýerlikli bolar. Gadym döwürlerde bir ene-ata öz çagasynyň elinden tutup, akyldaryň ýanyna barýar. Olar akyldara: «Biz çagamyzy haçan terbiýeläp başlasak gowy bolarka, maslahat berseňiz» diýýärler. Şonda akyldar: «Çagaňyz näçe ýaşynda?» diýip soraýar. Olar çagalarynyň üç ýaşyndadygyny aýdanlarynda, akyldar: «Siz eýýäm üç ýyl gijä galypsyňyz» diýýär. Rowaýatdan görnüşi ýaly, ene-ata çaganyň terbiýesine örän oýlanyşykly, öz wagtynda çynlakaý çemeleşmelidir. Çaganyň irki ýaş döwründe aň terbiýesiniň möhüm ähmiýeti bardyr. Körpeleriň ýanynda halanylmaýan endikleri etmek — gaharlanmak, manysyz sözleri aýtmak onuň geljekki durmuşyna uly zyýan ýetirip biler. Çagany has erkine goýbermek ýa-da hemme zatlardan çäklendirmek hem dogry hasaplanylmaýar. Ähli zatlardan çäklendirilen çaga geljekde özbaşdak hereketleri etmäge, öz mümkinçiliklerini görkezmäge çekinýän şahsyýet bolup ýetişýär. Maşgalada söýgi, mähir berlip ulaldylan çaga özüni goragly, ynamly duýýar.
Biz — ene-atalar, köplenç öz iş-aladalarymyz bilen başagaý bolup, çagalarymyzyň berýän soraglaryna nädogry jogap berýäris ýa-da olaryň gürrüňlerini başdansowma diňleýäris. Şeýle ýagdaý nädogrudyr. Çagalaryň soraglaryna beren ýalňyş jogaplarymyz olaryň geljekki durmuşyndaky hereketlerine zyýan ýetirip biler. Çagalara aýratyn alada, mähir bilen garamak jemgyýetiň talaplaryna laýyk kämil şahsyýetleriň kemala gelmeginiň baş şertidir. Çagalar bilen köpräk gürleşmek, olaryň pikirini diňlemek ene-ata bilen çaganyň arasyndaky gatnaşyklaryň, birek-birege bolan ynamyň döremegine getirer. Çagalara kitaplary, ertekileri okap bermek, aýdyp bermek gowy netijeleri berer. Kiçi ýaşly çagalar kitaby sesli okap bereniňde ony diňlemegi gowy görýärler. Kitaby çaga bilen bile okamaga näçe ir başlasaňyz, şonça-da netijesi gowy bolar. Çaganyň ilkinji gününden, kitap okaýan ata-enesiniň sesi, oňa hüwdi ýaly eşidilip, ony süýji uka batyrýar. Eger-de heniz kitap okap başlamadyk bolsaňyz, onda ony maşgala däbiňize öwürmek gerek. Kitaphana ýa-da kitap dükanyna baranyňyzda, birnäçe gyzykly, suratly çaga kitaplaryny alyň we her gün agşam uka gitmezden öň, çagaňyza okap beriň. Kitaby sesli okamak örän wajypdyr, eger çaga mekdep ýaşyna ýetmänkä öýde eli gazet-žurnally ene-atasyny görende, onda hem gyzyklanma döreýär, sebäbi kiçi ýaşly çagalar hemişe ulularyň edenini etjek bolýarlar. Çaga doglandan üç ýaşaýança islendik öwreden zadyňy gowy ýatda saklaýar, sebäbi şu ýaş aralygynda çaga gürlemegi öwrenýär, beýni öýjüklerinde ösüş uly depginde bolýar, şol döwürde çagaňyz bilen köp gürleşseňiz, suratly kitaplardan erteki aýdyp berip gyzyklandyrsaňyz, çaganyň geljegine, oýlap tapyjylygyna, pikirlenişine, ýatkeşligine, öz pikirini dilden we ýazuw üsti bilen gowy beýan etmegine, ugurtapyjylygyna, dil öwrenmegine uly ýardam edersiňiz. Çaga biraz ulalanyndan soňkiçikä aýdyp beren ertekileriňizi okap berseňiz we ondan şol ertekini gürrüň bermegini sorasaňyz, çaganyň okamaga, bilmäge bolan höwesi has-da artar. Ilki ertekili, soňra ýönekeýje kitaplary okamaga berseňiz has-da gowy bolar. Näme üçin käbir körpeler çagalar bagyna baranda berlen goşgulary iki gezek gaýtalandan soň ýatdan aýdyp bilýärler, käbirlerine bolsa on gezek hem azlyk edýär? Munuň sebäbi ene-atanyň çaga kiçi wagty çeken zähmetiniň netijesidir. Ene-atalar, köplenç, çagalary derslerinden kynçylyk çekse, onuň sebäbini gözleýärler. Mysal üçin, dil öwrenmekde çaga kynçylyk çekse, özüne «ýaltanýansyň» diýýäris, ýöne ol beýle däl, eger-de çaga kiçi wagty şol öwrenýän dilinde kitap okalyp berlen bolsa, köp multfilmleri, kinolary gören bolsa, ol çaga dili has aňsat öwrenerdi. Eger çaga matematikadan sanalýan çöpleri berip sanamagy öwretseňiz, ol ulalanda matematikadan hiç hili kynçylyk çekmez. Ene-atalar çagalarynyň düşünjeli, bilimli bolmagyny isleýän bolsalar, onda onuň aladasyny irgözinden etmelidirler. Çaga ösüp gelýän nahal ýalydyr, oňa näçe köp ideg etsek, ol hem bize şoňa görä miwe berer. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz ýaş nesilleriň döwrebap, kämil terbiýeli şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatynda uly tagalla edýär. Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtly nesilleriniň gülki sesleri belentden ýaňlansyn! Pederlerimizden miras gelýän maşgala mukaddesligi has-da berkäp, dowamat dowam bolsun!
Dünýägözel ÇERKEZOWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy