- 26/11/2021
- 3081
SÖZ MÜLKÜNIŇ ZERGÄRI
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giň den öwrenilip, onuň ady bütin dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bu ýyl hem dabaraly, buýsançly pursatlara utgaşmagy beýik şahyra goýulýan sylag-hormatyň güwäsine öwrüldi.
Şahyr ýüregi duýgur bolýar. Pyragy ýaly ylahy zehinli şahyrlar halkyň, il-günüň aladasy bilen ýaşaýar. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, batyrlyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, yşky liriki, dostluk öňe sürülýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny okamak, lezzet almak bir başga, olary doly öwrenip many çykarmak düýbünden başga. Şahyr: «Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp» diýmek bilen, sözleriniň bir däl, juda köp zady aňladýandygyny, wagt geçip, şol dürdäneleriň öwreniljekdigini öňünden aýdyp gidipdir:
Magtymguly, sözüm bilene sözdür,
Bilmedik adama gury owazdyr.
ýa-da
«Sözüm aňlan ýok» diýp ümsüm otyrma,
Jahan giňdir, çendan bilende bardyr.
Çemen SÖÝÜNOWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.