- 26/11/2021
- 684
ÖSÜŞLERIŇ MÖHÜM ŞERTI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän maýa goýum taslamalary baky Bitarap Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýetiniň dü zümini berkitmäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biri bolan ulag we kommunikasiýa toplumynda hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa ge çirmek babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Dördünji senagat rewolýusi ýasynyň gazananlary fiziki, sanly we biologiki ugurlary özara utgaşdyrmaga ýardam edýär. «Türkmen Älem 52°E» Milli aragatnaşyk hemrasy ýurdumyzyň ähli çägini ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün etmäge, şeýle hem ýokary hilli sanly hyzmatlaryň elýeterli bolmagyna mümkinçilik döredýär. 2025-nji ýyla çenli döwürde ýurdumyzyň aragatnaşyk hemra ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge uly maýa goýumlary gönükdiriler, nobatdaky emeli hemrany gurmak hem-de älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar. Döwrebap hemra aragatna şyk ulgamy ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze ugurlarda intellektual kuwwatyösdürmäge, ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge uly ýardam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýun ça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň doly işe girizilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasion taýdan ösmegine we sebitleýin goşulyşmak syýasatyna oňyn täsirini ýetirer. Milli Liderimiziň parasatly çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň dö redilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen bu ýokary okuw mekdebinde täze hünärler girizildi. Maglumat howpsuzlygy, telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy ýaly hünärler mundan beýläk hem ulag-kommunikasiýa toplumyny döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barjak ýokary bilimli hünärmenleri üpjün etmäge şertleri döreder. Awtomatlaşdyrma we amaly informatika taýýarlygyň ugry boýunça okuwlaryň iňlis dilinde alnyp barylmagy hem aý ratyn bellärliklidir. Goý, berkarar Diýarymyzy ösen tehnologiýalaryň esasynda ösüşlere besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Güljeren ANNANYÝAZOWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.