Fotožurnalistika bäsleşiginiň ýeňijileri mälim boldy

Image
  • 26/11/2021
  • 845

Fotožurnalistika bäsleşiginiň ýeňijileri mälim boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Žurnalistika kafedrasy tarapyndan Aşgabadyñ döredilen gününiñ 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ talyp ýaşlarynyñ arasynda “Fotožurnalistika” boýunça bäsleşik gurnaldy. Bäsleşik 25.04.2021-05.05.2021 seneleri arasynda internet platformasynyñ üsti bilen suratlary kabul etmek arkaly geçirildi.

Bäsleşigiñ netijeleri ýokary okuwyñ mugallymlaryndan düzülen emin agzalary tarapyndan düzgünnama laýyklykda 10-lyk bal sistemasy bilen aşakdaky talaplar esasynda bahalandyryldy:

  • Bäsleşige ugradylan suratlaryñ çarçuwasyna girýän desgalar
  • Suratyñ çarçuwasyna ýerleşdirilen paýtagtymyzyñ ajaýyp binagärlik keşbi
  •  Suratyñ tema bilen baglanşygy.
  • Bäsleşige ugradylýan suratyñ reñk sazlaşygy
  • Suratyñ reñk öwüşgünleri
  • Düşürilen suratyñ ýañsydýan belli bir garaýşy we manysy
  • Suratyñ düşüriliş tarapy

Netijede uniwersitetiñ iuhd.org@gmail.com adresine gelen suratlaryñ ählisi emin agzalaryñ gutarnykly netijeleri bilen aşakdaky ady görkezilen talyplar ýeñiji diylip yglan edildi we şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hormat  hatlary gowşuryldy:

I dereje Žurnalistika hünärinde okaýan talyplar

I orun

  • Näzli Ýagşymyradowa– Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Žurnalistika hünäriniñ 1-nji ýyl talyby

II ORUN

  • Toýly Muhammetdurdyýew- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniñ Žurnalistika hünäriniñ 2-nji ýyl talyby

III ORUN

  • Döwlet Heşdekow-Türkmen döwlet sport we syýahatçylyk institutynyñ Sport Žurnalistikasy hünäriniñ 1-nji ýyl talyby

II dereje-beýleki hünärlerde okaýan talyplar

I ORUN

  • Baýnazar Nepesow-Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara gatnaşyklary hünäriniñ 1-nji ýyl talyby

II ORUN

  • Atajan Kamyljanow-Türkmen döwlet Energetika institutynyñ Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniñ Mikroelektronika we ýarymgeçiriji abzallar hünäriniñ 2-nji ýyl talyby

III ORUN

  • Hurma Çaryýewa-Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyñ Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniñ Amaly informatika hünäriniñ 2-nji ýyl talyby

Ähli hukuklary goralan.