Document

Aşgabatda we welaýatlarda IP merkezlerini gurmak üçin 10 million amerikan dollary goýberildi

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • Aşgabatda we welaýatlarda IP merkezlerini gurmak üçin 10 million amerikan dollary goýberildi
Image
  • 22/11/2021
  • 1350

Aşgabatda we welaýatlarda IP merkezlerini gurmak üçin 10 million amerikan dollary goýberildi

7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Hasabat döwründe şolar tarapyndan önümçilik meýilnamasy 123,3 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmek boýunça 140,3 göterim ösüş gazanyldy.

Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça mineral dökünleri öndürmekde 152,2 göterim ösüş gazanyldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 107,6 göterim üpjün edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmakda - 100,5 göterime deň boldy.

Bu görkeziji “Türkmensenagat” agentligi boýunça - 104,9 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça – 129,2 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça - 103,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça – 101,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça - 185,9 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça – 105,9 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işleriň geçirilýändigini belledi. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin, senagat toplumyny ulag we aragatnaşyk toplumyndan aýyrmak kararyna gelnendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulag we kommunikasiýa toplumy hem-de gurluşyk we senagat toplumy döredilýär.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçysy wezipesine belläp, onuň bu ugurdan tejribeli hünärmendigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda we welaýatlarda IP merkezlerini gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilmeldigini nygtap, bu işi goldamak üçin 10 million amerikan dollary möçberde serişde berýändigini aýtdy.

Çeşme: turkmenportal.com

Ähli hukuklary goralan.