- 26/11/2021
- 1080
«Ýylyň mugallymy – 2021» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
14-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen her ýyl geçirilýän “Ýylyň mugallymy” bäsleşiginiň ýeňijilerine sylag gowşurma dabarasy boldy.
«Ýylyň mugallymy» bäsleşigine ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlaryndan 25 mugallym gatnaşdy. Ýaryşyň şertlerinde görä, oňa her ÝOJ-dan bir mugallym gatnaşyp, umumy gatnaşanlardan 7 sany ýeňiji boldular we baýrakly orunlary eýelediler.
Bäsleşigiň iň ýokary sylagyna uly mugallym Gurbangül Myradowa (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty) mynasyp boldy. Hormatly birinji orna uly mugallym Oguljan Atdaýewa (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty) eýeledi.
Ikinji orny taryh ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Jumadurdy Annaorazow (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) we lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Orazgylyç Orazgylyjow (Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti) eýelediler.
Üçünji baýrakly orny mugallym Nurmuhammet Muhammedow (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty), uly mugallym, himiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegül Berdiýewa (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), şeýle hem Çynar Hojamuhammedowa (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara degişli derejeli diplomlar bilen ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Maý aýynyň 27 – 28-inde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy. Mugallymlaryň tejribesine, kärine ökdeligine, işjeň mugallymçylyk we ylmy işlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ylym we bilim pudagyndaky milli neşirleriň wekillerinden ybarat eminler topary baha berdi.
Bäsleşigiň birinji tapgyrynda mugallymlaryň terbiýeçilik-okuw, ylmy işlerine, şol sanda ýazan okuw kitaplaryna, okuw we usulyýet gollanmalaryna, ylmy makalalaryna, synlara we ş.m., ikinji tapgyrda bolsa görnetin mugallymçylyk ussatlygyna we şunuň bilen baglylykda sapaklary guraýşyna, öwrenilmeli zady talyba ökdelik bilen ýetirişine we temany özleşdiriş derejesine, talyplary höweslendirmek başarnygyna baha berildi.
Üçünji-tamamlaýjy tapgyr sorag-jogap görnüşinde geçirildi. Munda mugallymlaryň milli bilimiň kanuny esasyny, häzirki zaman standartlaryny, bilim bermek işiniň ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny bilişleri öwrenildi. Şonuň üçin-de tabşyryklar şu temalar boýunça «Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmegiň baş ýörelgeleri», «Bilimi sanlylaşdyrmagyň baş ýörelgeleri» ýaşlaryň halkara standartlary derejesinde bilim almagyna gönükdirilen dürli maksatnamalar bilen bagly soraglary öz içine aldy.
Anastasiýa Kasýanowa
Suratçy: Ahmet Türşeko
Çeşme://turkmenistan.gov.tm/ru/post/55145/yylyn-mugallymy-2021-baslesiginin-yenijileri-belli-boldy