- 26/11/2021
- 1100
Ýaşlaryň täzeçil ylmy çözgütleri
Çözgüt — haýsydyr bir mesele dogrusynda gelnen karar, netije. Belli bir karara, netijä gelmek bolsa irginsiz pikirlenmäni, dowamly gözlegi talap edýär. Täzeçil ylmy çözgüde ýetmek üçin döwrebap bilimleriň we ylmy garaýyşlaryň toplumyny ele almak zerur. Şu babatda ýaş alymlarymyz we talyp ýaşlarymyz professor-mugallymlaryň, halypa alymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy ugurlaryň dürli görnüşleri boýunça taslamalary ýerine ýetirýärler, irginsiz kämilleşýärler. Muny Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ylymda, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmekden, geljekde önümçilige ornaşdyrmak ukyby ýokary ylmy taslamalary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bu bäsleşige ýaş alymlar 150-den gowrak ylmy taslamalar bilen gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, ylmy-barlag edaralarynyň ýaş hünärmenleri, mekdep okuwçylary bar. Sergi bäsleşigine hödürlenen işler eminler topary tarapyndan degişli aýratynlyklaryna garap, ýokary derejede seljerildi. Hususan-da, ylmy taslamalaryň tehniki we tehnologiki çözgütleriniň täzeçilligine, häzirki döwür üçin zerurlygyna, amaly häsiýetine garaldy. Şeýle hem ýaş alymlaryň köpçülikde çykyş edip bilmek endikleridir ukyplaryna, saýlanan temanyň maksadalaýyklygyna, onuň gatnaşyjy tarapyndan esaslandyrylyş derejesine üns berildi. Ýeňijiler yglan edilip, olara dabaraly ýagdaýda Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi ylmyň 5 ugry boýunça geçirilýär:
Himiýa, biologiýa, oba hojalyk, ekologiýa we lukmançylyk ylymlary.
Radioelektronika, energetika we awtomatlaşdyrylan ulgamlar.
Programma üpjünçiligi, web tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk.
Innowasion pedagogika we innowasiýalaryň ykdysadyýeti.
Maket taýýarlygy, sungat işi we kognitiw ylymlar.
Ykdysady gatnaşyklaryň dünýä derejesinde ösýän, milli ykdysadyýetleriň sanlylaşýan döwründe, ilkinji nobatda, ylma daýanýan sanly innowasiýalara ähmiýet berilýär. Çünki sanly ulgam arkaly önümçilikleriň hili kämilleşdirilýär, netijeliligi ýokarlandyrylýar. Bu bolsa öz gezeginde maglumatkommunikasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleriň, şeýle hem ykdysady önümçiligi guramakda täzeçil çemeleşmeleriň zerurlygyny ýüze çykarýar. «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilýän ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi hut şol ugra gönükdirilendir. Şu ýerde bu gezekki bäsleşigiň geçen ýylkydan aýratynlygyny bellemek ýerlikli bolsa gerek. Geçen ýylky ylmy taslamalara «Bilim — Ylym — Önümçilik» ugry boýunça seredilen bolsa, bu gezek ol ugur has kämilleşdirilip, şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlyk derejesi göz öňünde tutulyp, işlere «Ylym — Önümçilik — Işewürlik» ugry boýunça garaldy. Alymlaryň biri: «Örän güýçli işeňňirlik ylmyň häsiýetli tarapydyr» diýip belläp geçipdir. Dogrudanam, ylymda ilkinji zerurlyk bolan üşüklilikden, zehinden soňky möhüm zat işeňňirlik hasaplanýar, sebäbi anyk ylmy netijä diňe irginsizlik, uly hyjuw, «köp çaý sowatmak» bilen ýetilýär. Sergi bäsleşiginiň geçiş aýratynlygy, hödürlenen işleriň ylmy derejesi, önümçilik ähmiýeti dogrusynda Ýaş alymlar merkeziniň alym kätibi Göwher Gelenowa şeýle gürrüň berdi: — Ylma höwesli ýaşlary ýüze çykarmak, olary tutumly ylmy işlere höweslendirmek, halypaçylyk goldawyny bermek meseleleri ýurdumyzyň bilim, ylym, ýaşlar syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Bu wajyp meseleler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda öz giňişleýin beýanyny tapdy. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurduň ykdysady ösüşinde hususy pudagyň wekillerine aýratyn orun berilýär. Önümçilikde erkin we adalatly bäsleşigiň ösmegi netijesinde, ykdysady kuwwat berkeýär, pugtalanýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen biziň ýurdumyzda hem kiçi we orta işewürlik yzygiderli goldanylýar. Şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary boýunça täze-täze önümçilikler kemala gelýär. Bu gezekki bäsleşige hödürlenen taslamalaryň arasynda şeýle önümçiliklere ornaşdyrmak mümkinçiligi ýokary taslamalar kän. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan, Türkmen oba hojalyk institutyndan, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyndan hödürlenen taslamalaryň birnäçesini görkezmek bolar. Bellemeli zat, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň çäklerinde ýakynda «Aşgabat-siti» täze ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Geljekde «akylly» megapolise öwrüljek «şäher içindäki şäheriň» taslamasyny durmuşa geçirmekde häzirki zaman innowasiýasynyň iň soňky gazanylanlary ulanylar. Eminler toparynyň agzalarynyň bellemegine görä, «Awtomatlaşdyrylan duralga», «Akylly öý» (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), «Akylly şäher» (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), «Ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmakda sarp edilýän energiýany hasaplaýjy sanly gurluşyň taslamasy» (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) ýaly işler bu iri taslamany durmuşa geçirmekde peýdalanylyp bilner.
Sergi bäsleşigine hödürlenen işler bilen tanşanyňda, ilkinji nobatda, taslamalaryň köpugurlylygy ünsüňi çekýär. «Programmirleme dillerini öwrediji elektron gollanma», «Häzirki zaman online sapaklary», «Elektron maglumat üpjünçiligi» (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) atly işler sanly ulgam bilen baglanyşykly bolsa, «Adam bedenindäki patologiki hadysalaryň wirtual modeli», «Latyn — türkmen elektron sözlügi» ýaly taslamalar lukmançylyk ugrundan taýýarlanylypdyr. «Nebit we gaz senagatynyň turbageçirijileriniň gurluşyk proseslerini optimizirlemek üçin robotizirlenilen innowasion tehnologiýa» (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti) taslamasy nebitgaz ulgamyna degişli bolsa, «Ykdysadyýetde neýron tor tehnologiýasyny ulanmagyň we onuň Python programmirleme dilinde programmasyny düzmegiň mümkinçilikleri», «Öý hojalygynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, maliýe serişdelerini tygşytlamagyň ýollaryny seljermek» ýaly işler sanly ykdysadyýet ugruna degişlidir. Mundan başga-da, kiberhowpsuzlyga, oba hojalygyna, dizaýnerçilige, elektroenergetika, himiýa, biologiýa, sungat ugurlaryna degişli döwrebap taslamalar bar. Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşan maksada okgunly, yhlasly ýaş alymlara ylmy taslamalaryny geljekde hem dowam etdirmeklerini, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuw edäýmek galýar