Document

SANLY ULGAM — YLMY GIŇIŞLIKDE

Image
  • 26/11/2021
  • 2954

SANLY ULGAM — YLMY GIŇIŞLIKDE

Milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Karary möhüm ähmiýete eýedir. Ol ylmyň gazananlaryna esaslanýan, bilim babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini durmuşa ornaşdyrmaga, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim bermegiň görnüşlerini artdyrmaga, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, hünärmenleriň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary çekmäge itergi berdi.

Döwletimizde ylym we bilim pudaklarynyň edaralarynyň internetiň ählumumy ulgamyna birikdirilmegi sanly tehnologiýalar babatda döwrebap ösüşlere badalga berdi. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä tejribesinde bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň netijeli ýollarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly okatmagyň elektron görnüşi netijeli ulanylýar. Bu işleriň ýurdumyzda döwrebap ýola goýulmagy uzak aralykdan maglumat alyşmaga we özara işleşmäge, multimedia enjamlaryny we interneti peýdalanmak arkaly, okuwlaryň hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda dürli derslerden okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmagy we bu işleriň ylmy esasda ýola goýulmagy möhüm wezipeleriň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň öň­dengörüjilikli syýasaty netijesinde, ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň gi­ňeldilmegine, ylmyň gazananlaryny, dünýädäki iň kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga zerur şertler döredildi. Bu bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň, senagatynyň, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. XXI asyr maglumatlar asyry hasaplanýar. Maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary häzirki döwürde dünýäde has depginli ösýän ugurlardyr. Döwletimizde dünýä ül­ňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmak maksady bilen, «TürkmenÄlem 52o E» milli emeli hemramyz älem gi­ňişligine çykaryldy. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary tehnologiýaly pudaklary, nazary we amaly bilimleri, maglumat tehnologiýalaryny täze derejelere çykarmaga, sanly ykdysadyýete geçmäge, kompýuter we häzirki zaman kommunikasiýa serişdelerini kämilleşdirmäge itergi berdi. Hemra aragatnaşyk ulgamynda geostasionar orbitanyň ulanylmagy hemranyň Ýer şarynyň üçden birine golaý çägine maglumatlary ýetirip ýa-da olary kabul edip bilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa uzak aralykdan aragatnaşygy ýola goýmaga, teleýaýlymlary hemra arkaly gurnamaga amatly şertleri döredýär.

 Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bilen geçiren gi­ňişleýin maslahatynda ylmy-tehnologik ösüşiň öň­debaryjy gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmalydygy barada möhüm wezipeleri öň­de goýdy. Bu işleri amal etmekde giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, ylmy taýdan taýýarlykly nesilleri kemala getirmek möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň gurluşy we dolandyrylyşy yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň tehniki hem-de hukuk binýady berkidilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, oňa innowasion häsiýet bermek, alymlaryň oýlap tapan täzeliklerini ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilige we bilim ulgamyna ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny hem-de öň­debaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen möhüm çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ylym ulgamyny mundan beýläk-de dünýä ül­ňülerine laýyk ösdürmeklige badalga berdi. Bu Maksatnama ylmy işgärleriň we ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, doktorantlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň başarnyklaryny we hünär derejelerini ösdürmek üçin şertleri döretmek, ylmyň dürli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamda ýüze çykýan täze, derwaýys meseleleri çözmek üçin zerur bolan düýpli ylymlary ösdürmek, milli ykdysadyýetimizde ýokary netijeliligiň gazanylmagyna, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagyna getirýän ähmiýetli netijeleri almagy üpjün etmek üçin utgaşykly sanly tehnologiýalary, ýagny doly sanlylaşdyrylan ulgamy emele getirýän tehnologiýalaryň toplumyny ösdürmek, tor arkaly özara gatnaşyklary döwrebap ýola goýmak ýaly ençeme möhüm wezipeleri öz içine alýar. Maksatnamada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň bilelikde alyp barýan, döwletiň ylmy we ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berjek düýpli ylmy-amaly barlaglaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Sanly ylmyň mümkinçilikleri örän giň bolup, ol elektron amatlyklaryň, hyzmatlaryň we serişdeleriň peýdalanylmagyna daýanýar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna esaslanýar. Sanly ylym ulgamy ylmy işleri alyp barmagyň has netijeli bolmagyna getirýär, ylmy hyzmatdaşlyk, synaglary we seljermeleri geçirmek üçin täze gurallary hödürleýär hem-de ylmyň has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Häzirki maglumatlar asyrynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň hasabyna ylmy barlaglary geçirmegiň usullary düýpgöter üýtgedi. Aragatnaşyk torlary, hasaplaýyş serişdeleri we maglumatlary saklaýjy serişdeler ýeterlik uly göwrümli maglumatlary we olaryň hasaplamalaryny talap edýän ylmy barlaglary alyp barmaga we öň mümkin bolmadyk wirtual tejribeleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen, ylymlaryň usulyýeti hem üýtgeýär. Bu takyk we tebigy ylymlar bilen bir hatarda, ynsanperwer ylymlara-da degişlidir. «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynda» onuň bilen bagly möhüm wezipelere üns çekilýär. Sanly ynsanperwer ylymlar — kompýuter tehnologiýalarynyň we ynsanperwer ylymlaryň utgaşdyrylmagynda emele gelen ylmy barlaglaryň, öwrenmegiň we döretmegiň ulgamydyr. Şeýlelikde, bu ylymlar sanlylaşdyrylan maglumatlary peýdalanmagy we däp bolan özara usulyýetleri birleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şunuň esasynda kompýuterler maglumatlary toplamaga we olar bilen içgin tanyşmaga, zerur bolan dürli maglumatlary agtaryp tapmaga, alnan maglumatlary özbaşdak seljermäge hem-de olary ylmy işlerde peýdalanmaga şert döredýär. Onuň ylmy işleri alyp barmakda esasy maksatlarynyň biri hem sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen medeni mirasy gorap saklamakdan we öwrenmekden ybaratdyr. Sanly ylym ulgamynyň döwrebap ýola goýulmagy göni aragatnaşyk, ýagny onlaýn tertibinde ylmy maslahatlary guramaga, internet ulgamynda elektron ylmy, ylmy-usuly žurnallary döretmäge we sanly ulgam boýunça ylmy-taslama bäsleşiklerini geçirmäge hem uly itergi berer. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi ge­ňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlar merkeziniň «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly hereket edýär. Ýokarda agzalan Maksatnama bu işleriň geljekde giň gerimde alnyp barylmagyna, ylmy elektron žurnallaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzda ylmy ösüşi hil taýdan dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek hormatly Prezidentimiziň alymlaryň, ähli ylym-bilim jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan baş wezipesidir. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem şu wezipelerden ugur alnyp, maglumat tehnologiýalarynyň çäklerinde degişli işler geçirilýär. Institutyň professor-mugallymlary talyp ýaşlary ylma çekmek, olaryň oýlap tapyşlaryny höweslendirmek, özbaşdak pikirlenmek endiklerini ösdürmek babatda halypa-şägirtlik işlerini döwrebap ýola goýdular. Institutyň binýadynda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti döredilip, innowasion taslamalar işlenilip düzülende, oňa ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň sanly ykdysadyýete geçmegi bilen baglanyşykly zerur bolan programma üpjünçiligini taýýarlamak, olara bilermenleriň netijesini bermek babatda utgaşykly işler alnyp barylýar. IT meýdançada işlenip taýýarlanylýan taslamalaryň arasynda elektron kitaplaryň we beýleki maglumatlaryň gorlaryny döretmek bilen bagly türkmen, iň­lis we rus dillerindäki täze web-saýtlary döretmek boýunça hem degişli işler geçirilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly derwaýys meseleleri çözmäge oýlap tapyşlary bilen mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmek, sanly bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmak we ony täze sepgitlere ýetirmek üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

Nurnepes KULIÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

Ähli hukuklary goralan.