Document

ÝEŇIŞ SÖZI ÝÜREKLERE HOŞ ÝAKÝAR

Image
  • 26/11/2021
  • 3527

ÝEŇIŞ SÖZI ÝÜREKLERE HOŞ ÝAKÝAR

Ýeňiş sözi ýüreklere hoş ýakýar,

Çünki Watan üçin döşler gerildi.

Söweş meýdanynda ýa tylda bolsun,

Watan goragynda gaýym duruldy.

 

Eneler ugratdy balalaryny,

Maňlaýyndan öpe-öpe söweşe.

Soň bolsa saçlary agardy gitdi,

Tä ömrüniň soňuna çen garaşa.

 

Olaň döwek döwüp, ot orýan çagy,

 Watany gorady eziz ýarlary.

«Hökman geler» diýen hoş umyt bilen,

Üzülmedi herne ýürek tarlary.

 

Didaryna zar bolansoň, çagalar

kaka sözün gaýtalady ýördüler.

Durmuş kyndy diýäýmeseň, adamlar

ojagyndan sag-amanja ördüler.

 

Bir gün bolsa bagtyň mukamy bilen,

Göge galdyryldy Ýeňiş baýdagy.

Owal-ahyr üstünlikdi, ýeňişdi,

Biziň beýik halkymyzyň söýdügi. ...

 

Indi yzda galdy ol agyr günler,

Gül açyldy jan berlen toprakda.

Arkadagly döwrümize buýsanyp,

Odalar ýazýarys biz olar hakda,

Näçe ýyl geçse-de, Watany goran

Ýigitlermiz baky ýaşar gursakda.

 

Ogulmaral MERETGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň talyby.

Ähli hukuklary goralan.