Document

MILLI BINAGÄRLIGIŇ dürdänesi

Image
  • 26/11/2021
  • 1340

MILLI BINAGÄRLIGIŇ dürdänesi

Türkmen paýtagtynyň binagärlik-gurluşyk düzümlerinde, ajaýyp desgalarynda we tutuş keşbinde milli mirasymyz, köpasyrlyk medeniýetimiz öz mynasyp ornuny tapýar. Ösen binagärlik sungatynda milli medeni gymmatlyklarymyzyň öwşün atýandygyny Aşgabadyň belent ymaratlary äşgär görkezýär. Munuň özi milli binagärlik sungatymyzyň bagtyýarlyk döwründe ýeten sepgitlerini alamatlandyrmak bilen, halkymyzda baý geçmiş taryhymyza, milli medeniýetimize bolan sarpany has-da çuňlaşdyrýar, milli binagärligiň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz şäher gurluşyk- binagärlik maksatnamalary, gurluşyk taslamalary bilen tanşanda olaryň ýanaşyk ýerleriniň ekologiýa medeniýeti taýdan kämil bolmagyny üpjün etmek, binalaryň we desgalaryň daşky we içki görnüşinde türkmen ruhuna we baý dünýäsine mahsus bezeg işleriniň ýerine ýetirilmegine aýratyn ünsi çekýär. Şeýle hem, gurulýan desgalaryň ählisinde şu babatdaky wezipeleriň üstünlikli hem-de göwnejaý ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berýär. Bu asylly we tutanýerli başlangyçlar bolsa, häzirki wagtda türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbinden tutuş ýurdumyza ýaýraýar. Munuň özi halkymyzyň sungat derejesine ýetiren binagärlik ussatlygyndan, milli medeniýetimize we gözellige goýýan örän uly sarpasyndan nyşandyr. Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzda medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, milli gymmatlyklarymyzy we taryhy ösüşlerimizi alamatlandyrýan monumentleri döretmeklige hem aýratyn uly üns berilýär. Olaryň uly köçeleriň hem-de şaýollaryň ugrunda, seýilgäh zolaklarynda we beýleki mynasyp ýerlerde ýerleşdirilmegi mähriban Watanymyzyň görküne görk goşýar. Bu binalar gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanmak bilen ýaş nesillerde medeni baýlyklarymyza bolan buýsanjy terbiýelemekde-de ähmiýetlidir. Şeýle binalaryň içinde ak şäherimizde döredilen «Sungat», «Aşgabat», «Alaw», «Ak bugdaý», «Şahyr», «Erkanalyk», «Mahabat», «Ylym», «Sagdynlyk», «Jebislik», «Zemin» ýaly binalary, türkmen behişdi bedewleriniň we türkmen alabaýynyň hormatyna dikilen heýkeller buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr. Hut şu binalar köp many-mazmuny öz içine alyp, paýtagtlylara we gelen myhmanlara ýakymly täsirleri bagyşlaýar. Şular babatda aýdylanda ak ýollaryň durkundaky yşyklarda, sütünlerde, bag we güller bilen jäheklenen ýanýodalarda, duralgalarda hem milli ruhuň we ýokary hiliň duýulmagy örän buýsançlydyr. Ajaýyp zamanamyzda ösüşiň täze belentliklerinde öňe barýan baş şäherimizde milli ruh, baý tejribe, kämil başlangyçlar bilen rowaçlanýan türkmen binagärliginde hem gurluşygynda köpöwüşginli medeniýetiniň giňden şöhlelenmegi diňe bir türkmenistanlylary guwandyrman, eýsem, olar daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň, syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär. Olaryň arasynda milli binagärlik arhitekturasy bilen tapawutlanýan täsin desgalaryň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň toýlanylýan günlerinde bolsa bitirilýän beýik işler hakynda gürrüň etmek örän ýakymly hem buýsançly. Goý, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşlere besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Baý­rammuhammet ATANEPESOW,

Türkmenistanyт Telekommunikasi­ýalar we

informatika institutynyт mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.