Document

BILIMLER MEKANY

Image
  • 26/11/2021
  • 857

BILIMLER MEKANY

BILIMLER MEKANY ajaýyp Binalaryň nury Sowulmajak baky bahar Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy­nyň ne­ti­je­sin­de ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň ylym-bi­lim ba­bat­da şu gün­ki ýe­ten be­lent de­re­je­si has-da buý­san­dy­ry­jy­dyr. Aş­ga­ba­dyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenil­ýän şan­ly ýy­lyn­da bu ugur­da­ky iş­ler uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär, döw­re­bap­ly­gy, okamak we iş­le­mek üçin baý müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ýerle­rin­de bol­şy ýa­ly, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry öz gur­luş aý­ra­tyn­lyk­la­ry, daş-tö­were­gi­niň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy we ça­ga­lar dün­ýäsi­ne mah­sus be­ze­li­şi, ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek, so­wat öw­ret­mek ýa­ly asyl­ly mak­sat­lar üçin dö­re­di­len döw­re­bap şert­le­ri bi­len ta­pa­wutlan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da kör­pe­ler döw­rüň iň tä­ze ga­za­nan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ry­lan ça­ga­lar-bak­ja bag­la­ryn­da ter­bi­ýe­len­ýär­ler, so­wat öw­ren­ýär­ler. Paý­tag­ty­myz­da or­ta mek­dep­ler bilen bir hatarda, dil merkezleri, sport mek­dep­le­ri, hü­när taý­ýarla­ýyş ojak­la­ry we beý­le­ki­ler yzygiderli açylyp ulanylmaga be­ril­ýär. Bi­lim ul­ga­my­nyň döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk bat­ly dep­gin­ler­de ös­dü­rilme­gi, yl­myň hem tä­ze sepgitleri eýelemegini şert­len­dir­di. Aş­ga­bat yl­my baş­lan­gyç­laryň, tä­ze­lik­le­riň, oý­lap ta­pyş­laryň we öňe­gi­diş­lik­le­riň tä­ze teh­no­lo­gi­ýala­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýan mer­ke­zi. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne paý­tag­ty­myz­da­ky yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň we beý­le­ki yl­my-önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­rin­de hem aý­dyň du­ýul­ýar. Goý, ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dy bi­lim­ler we ylym­lar me­ka­ny­na öwür­ýän hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bolsun! Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi, äh­li il­deş­leri­mi­zi ak şä­he­ri­mi­ziň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys.

Muhammetnazar MYRADOW,

Türkmenistanyт Telekommunikasi­ýalar we

informatika institutynyт mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.