Document

Netijeli bilim özgertmeleri

Image
  • 26/11/2021
  • 1220

Netijeli bilim özgertmeleri

Häzirki döwürde ösen ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, durmuşymyzyň dürli ugurlaryna, şol sanda bilim ulgamyna ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerini internet-aragatnaşyk ulgamyna birleşdirmek, olary kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmek, sapaklary sanly ulgamda guramak işleri üstünlikli dowam etdirilýär.

Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laşdyr­mak sy­ýa­sa­ty­nyň çäk­le­rin­de san­ly ul­ga­ma geç­mek we­zi­pe­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len tas­syk­lanan «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­gamy­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» we «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na», şeý­le hem hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­lary­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi bi­ziň jem­gy­ýe­ti­miz­de bi­li­miň ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni we döw­re­baplaş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Ýurdu­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­na ge­çil­me­gi bi­lim eda­ra­la­ryn­da gu­ral­ýan sa­pak­la­ryň maz­mun hem hil taý­dan ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­ma­gy­ny, usu­ly­ýe­ti­niň baý­laş­dy­rylma­gy­ny, ýaş­la­ryň öw­re­nen­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de öz­leş­dir­mek­le­ri­ni, şeý­le-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň kä­mil hü­när­men­ler bi­len üp­jün edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. Adam­za­dyň dur­mu­şyn­da şah­sy kompýu­ter­le­riň we ha­bar be­riş teh­no­lo­gi­ýa­laryň tut­ýan or­nu­nyň düýp­gö­ter üýt­ge­me­gi okuw­la­ryň gu­ra­ly­şy­na, okuw­çy­la­ra we ta­lyp­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­niň ýo­kar­lanma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Şo­nuň üçin hem bu teh­no­lo­gi­ýa­lar okuw­la­ryň gu­ra­ly­şyn­da mag­lu­mat top­la­ma­gyň yg­ty­bar­ly çeşme­si hök­mün­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň, okuw mer­kez­le­ri­niň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­me­gi bi­lim iş­gär­le­ri­niň hü­när taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga-da tä­siri­ni ýe­tir­ýär. San­ly se­riş­de­ler esa­syn­da in­te­rak­tiw usul­da gu­ral­ýan sa­pak­lar­da mu­gal­lym okuw­çy­la­ra we ta­lyp­la­ra dü­şün­dirjek te­ma­sy­ny, ber­jek mag­lu­mat­la­ry­ny komp­ýu­te­re gi­ri­zip, ek­ran­da gör­ke­zip, on­da dür­li gör­kez­me se­riş­de­le­ri­ni diňleý­ji­le­riň dyk­ga­ty­na hö­dür­le­ýär. Şeý­lelik­de, okuw­çy­lar, ta­lyp­lar te­ma­ny di­ňe diň­le­mek ar­ka­ly däl-de, eý­sem, gör­mek ar­ka­ly hem öz­leş­di­rip, bi­lim­le­ri­ni çuňlaş­dyr­ýar­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, san­ly ul­ga­myň iş­jeň­leş­di­ri­len teh­ni­ka­la­ry we in­for­masion se­riş­de­le­ri, esa­san hem in­te­rak­tiw tag­ta­sy ar­ka­ly is­len­dik komp­ýu­te­ri dolan­dyr­mak bi­len, onuň ek­ra­ny­na su­ratla­ry, kar­ta­la­ry, she­ma­la­ry çy­ka­ryp, dür­li gur­luş­la­ry dö­re­dip bil­ýä­ris. In­te­rak­tiw teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar in­te­rak­tiw gur­luş­la­ry do­lan­dyr­ma­ga, sa­pa­gyň gi­di­şin­de bel­lik­le­ri et­mä­ge we beý­le­ki iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga müm­kinçi­lik ber­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len mak­sat­nama üp­jün­çi­lik­le­ri­ni hö­dür­le­ýär­ler. Bi­lim iş­gär­le­ri top­lan tej­ri­be­le­ri­ni we tä­ze usul­la­ry bir-bi­ri bi­len al­şyp bil­ýär­ler. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de komp­ýu­ter hem-de mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len iş­le­mek en­dik­le­ri­ni kä­mil­leş­dirýär­ler. Şo­nuň ýa­ly-da, san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ta­lyp­lar te­leköp­ri ar­ka­ly bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­lyk­la­ry, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn bi­lim gat­na­şyk­la­ry­ny ýyg­jam­laş­dyr­ýan we tä­ze de­re­jä çy­kar­ýan umu­my we ama­ly sa­pak­la­ra, du­şu­şyk­la­ra gat­na­şyp, bi­limle­ri­ni art­dyr­ýar­lar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň ýo­ka­ry okuw mekdep­le­rin­de or­naş­dy­ry­lan bi­lim por­ta­ly­nyň iş­jeň hyz­mat­la­ry ne­ti­je­sin­de hem ta­lypla­ryň oku­wa ýe­ti­şik­le­ri, ders­le­ri öz­başdak öz­leş­dir­mek ukyp­la­ry ýo­kan­lan­ýar. Şun­da olar mu­gal­lym­la­ryň çy­kyş­la­ry­ny, por­tal­da ýer­leş­di­ri­len ders ýaz­gy­la­ry­ny we te­ma de­giş­li beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry özle­ri­ne ýük­läp al­ma­ga müm­kin­çi­lik tap­ýarlar. Şeý­le-de, por­ta­lyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň çäk­le­rin­de ara­lyk jem­le­me­ler we sy­nag­la­r san­ly esas­da ge­çi­ri­lip, her ta­ly­byň şah­sy bi­li­mi kes­git­le­nil­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, in­no­wa­si­ýa­nyň we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bi­lim işin­de ýo­ka­ry de­re­je­de peý­da­la­nyl­ma­gy ýurdu­myz­da döw­re­bap hü­när­men­le­riň kema­la gel­me­gi­ni, ýaş alym­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň öňe git­megi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu ugurda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ryn­dan, döw­let mak­sat­na­mala­ryn­dan ugur alyn­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy we «Bi­lim ha­kyn­da­ky» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny, şeý­le hem hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry bu iş­le­riň hu­kuk bin­ýa­dy­ny kepil­len­dir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­syn­dan» ge­lip çyk­ýan wezi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, mil­li we hal­ka­ra de­re­je­li ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myzda ylym bi­len bi­li­miň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak, ta­lyp­la­ryň, as­pi­rant­la­ryň, ýaş alym­la­ryň we profes­sor-mu­gal­lym­la­ryň top­lum­la­ýyn yl­my bar­lag­la­ry­ge­çir­me­gi üçin ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýa­nyn­da san­ly teh­no­logi­ýa we in­no­wa­si­ýa mer­kez­le­ri­ni dö­retmek bi­len bag­ly iş­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýaş alym­lar mer­kez­le­ri­niň, elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň, döw­re­bap tej­ri­be­ha­na­la­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri ne­ti­je­sin­de ýaş­lar san­ly ul­gam ar­ka­ly alan bi­lim­le­ri­ni tas­la­ma­la­ry iş­läp düz­mek ar­ka­ly ber­kid­ýär­ler. Ýaş alymla­ryň in­no­wa­si­ýa ba­bat­da­ky tä­ze­lik­le­ri we oý­lap ta­pyş­la­ry ýur­du­my­zyň san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­dü­ril­me­gin­de hem äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­myz­da hem san­ly ylym-bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­baplaş­dyr­ma­gyň bar­şyn­da ýaş­la­ryň teh­nolo­gik ösüş­ler­den oňat baş çy­kar­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Döw­re­bap hü­när­le­ri ele al­ma­ga, komp­ýu­ter we mag­lu­mat ul­ga­my­ny, san­ly in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öz­leş­dir­mä­ge, ze­hin­li okuw­çy­la­ry we ta­lyp­la­ry ýü­ze çy­karma­ga, ola­ryň yl­my-teh­ni­ki dö­re­di­ji­lik, göz­leg-bar­lag we tej­ri­be-sy­nag iş­le­rine iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny ga­zan­maga de­giş­li döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, top­lum­la­ýyn iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bi­lim ul­ga­myny düýp­li de­re­je­de san­ly­laş­dyr­mak we gel­jek­ki hü­när­men­le­re bi­lim-ter­bi­ýe bermek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Kakabaý HOJANEPESOW,

                                                                                    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

   informatika institutynyň okuw işleri boýunça

 prorektory.

Ähli hukuklary goralan.