- 26/11/2021
- 1243
Bakylyk sen, Aşgabat!
Türkmen halkynda ir döwürlerden kitaba keramat hökmünde garamak, ylym-bilimli bolmak ýaly oňat häsiýetler bar. Bu asylly ýörelge taryhyň dürli döwürlerinde hem türkmeniň medeniýetiniň, diliniň, edebiýatynyň yzygider ösmegine öz täsirini ýetirip gelipdir. Nesilden-nesle geçip gelýän şeýle häsiýetler häzirki wagtda hem halkymyzyň arasynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz kitaba, söze sarpa goýmak, olary kämil pelsepewi pikirleriň çugdamyna salyp, ajaýyp kitaplary döretmekde türkmen edebiýatyna kerwenbaşylyk edip gelýär. Ine, ýaňy-ýakynda, ýagny “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň baharynda Gahryman Arkadagymyzyň ýene bir täze “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi. Kitabyň girişinde Magtymguly Pyragynyň: eşit, adam, dogan il den Gaýry mähriban ýurt bolmaz diýen goşgy setirlerini mysal getirýän ýurt Baştutanymyzyň köpta[1]rap ly döredijiliginden syzylyp çykan bu kitabynda taryhy hakykatlaryň çeper teswirlenmegi geljegimiziň hakyky eýeleri boljak ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzyň belent ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçinde kitap halkymyz tarapyndan diýseň gyzgyn garşylandy. Muny her gün teleýaýlymda görkezilýän kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna tomaşa edenimizde-de görýäris. Aslynda, okyjyny haýsy eser gyzyklandyrýar?! Elbetde, onuň durmuşyna ýakyn zatlar hakyndaky eser gyzyklandyrýar. Ýurt Baştutanymyzyň bu eserini hem her bir türkmeniň uçaka çenli özi duýmazdan, “Kalbynyň küýsän eseri” diýip arkaýyn aýdyp bileris. Sebäbi kitapda gozgalýan meseleler, edep[1]terbiýe, watançylyk, ylym-bilim, şähergurluşyk syýasaty, parahatçylyk düşünjesi hakyndaky beýik ýörelgeler halkymyzyň milli häsiýetinden gözbaş alýar. Alty bölümden we birnäçe bölümçelerden ybarat bolan täze kitapda paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylýan üstünlikler hakynda köp maglumatlar getirilýär. Kitaby okap çykan her bir adam hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna göz ýetirýär. Onda häzirki zamanyň gur[1]luşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler hem öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitapda getiren “Ak şäherim Aşgabat!” atly goşgusynda: Güýç aldym daglaryňdan, Joşaldym baglaryňdan, Çaglandym çaglaryňdan, Ak şäherim Aşgabat! diýýän aýdyma öwrülen setirlerini okanyňda bolsa Göroglynyň namasy deý, her birimiziň kalbymyzy çaglandyrýar, aklyga beslenen gözel paýtagtymyza bolan söýgimizi goşalandyrýar. Ýiti zehinini ýadawsyz gözlegleri bilen eserlerine siňdirýän Gahryman Arkadagymyz ähli kitaplaryny adam[1]zat ähmiýetli meselelere — parahatçylyk söýüjilige, watanperwerlige, halkymyzyň miras goýan gymmatlyklaryna, medeniýetimize, sungatymyza bagyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolan täze kitabynda ata-babalarymyzyň döwletlilik, bina gurmak, agzybir ýaşamak ýaly ruhy çelgileri-de öz beýanyny tapýar. Täze eserde Aşgabat parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşmeýilliligiň, ýürekdeşligiň şäheri bolup dabaralanýar. Sebitiň binagärlik dürdänesi hasaplanýan, ak gülli Aşgabadymyz hakynda täsin söhbet açýan bu kitap ýaşkiçiden başlap, ýaşula, okuwçydan başlap mugallyma çenli milli Liderimizden baky ýadygär galjak baýramçylyk sowgady boldy. Halkymyzy parahat mekanyň goýnunda, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň başy dik, jany sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Göwher MELEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň uly mugallymy.