Ak mermerli ajaýyp şäher

Image
  • 26/11/2021
  • 871

Ak mermerli ajaýyp şäher

Her ýyly şanly wakalara beslenýän ýurdumyzda şu ýylda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen birlikde paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär. Taryh üçin şeýle bir uzak bolmasa-da, şu geçilen döwürde Aşgabat düýpden özgerdi, täze keşbe eýe boldy. Bu günki gün Aşgabady görmäge göz gerek, taryplamaga — söz.

Tutuş sebitde işewürligiň, medeni gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülen Aşgabat döwrebap, depginli ösýän şähere öwrüldi. Paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk maksatly binalar, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda hem möhüm orna eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe binalaryň toplumlaýyn gurlup ulanmaga berilýändigi guwanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Paýtagtymyzy ösdürmegiň her bir nobatdaky tapgyrynda ençeme ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde ýaş nesil üçin çagalar baglary-da, orta mekdepler hem, sport meýdançalary-da ulanylmaga berilýär. Diňe bir şu ýylyň ilkinji aýlarynda hem «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň täze döwrebap binalary paýtagtymyzdaky ajaýyp binalarynyň üstüni ýetirdi. Gurulýan ymaratlaryň bezeg aýratynlygy-da özboluşly häsiýete eýedir. Olar gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli binagärligimiz bilen döwrebap binagärligiň sazlaşygyny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, Aşgabadyň ýol-gurluşyk düzümi döwrebaplaşdyrylýar, halkara derejeli täze ýollar gurulýar, öňden bar bolan ýollar paýtagtlylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrjak derejede özgerdilýär. Paýtagtymyzyň diňe bir esasy şaýollarynyň we köçeleriniň däl, eýsem, gyra-çetlerindäki ýollaryň hem durky düýpden täzelendi. “Aý dogsa, älem görer” diýilýär. Aşgabadyň ýylsaýyn ösýändigi, barha gözel keşbe eýe bolýandygy bu günki gün dostlukly halklaryň hem üns merkezinden düşmeýär. Aşgabadyň tutuşlygyna ak mermere bürenen şäher hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa diňe bir paýtagtda ýaşaýanlaryň däl-de, eýsem, ähli ildeşlerimiziň göwnüni galkyndyrdy. Bu günki gün Aşgabat gözelliklere beslenýän şäher hökmünde-de dünýä belli. Şeýle-de parahatçylyk dörediji, ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän şäheri hökmünde hem tanalýar. Tutuş ýurdumyz bilen birlikde ak mermerli paýtagtymyzy-da barha ösdürýän, özgerdýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Sapar ŞAÝYMOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.