Document

YLYM WE TEHNOLOGIÝA TÄZELIKLERI

Image
  • 26/11/2021
  • 1656

YLYM WE TEHNOLOGIÝA TÄZELIKLERI

Emeli nerw ulgamynyň mümkinçilikleri

Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň alym­la­ry ada myň daş­ky gy­jyn­dyry­jy­la­ra gar­şy­lyk­la­ýyn tä­si­ri­ni gaý­ta­la­ýan ýö­ne­keý eme­li nerw ul­ga­my­ny döret­me­gi ba­şar­dy­lar. Bu açyş mümkin­çi­li­gi çäk­li adam­lar üçin oturt­ma be­den sy­na­la­ry­ny ýa-da has kä­mil ro­bot teh­ni­ka­sy­ny iş­läp taý­ýar­lamak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Dö­re­di­len eme­li neý­ron ul­ga­my ýag­ty­ly­gy elekt­rik sig­na­ly­na öwürýän fo­to­diod­dan, me­ha­ni­ki si­naps hök­mün­de ula­nyl­ýan tran­zis­tordan, beý­ni­niň we ro­bo­tyň eli­niň we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän eme­li neý­ron to­run­dan yba­rat­dyr. Fo­todiod ta­ra­pyn­dan ýag­ty­lyk ha­sa­ba al­nan­da tran­zis­tor ar­ka­ly çy­ra­nyň ýa­ky­lan­dy­gy ba­ra­da ýag­ty­lyk signa­ly eme­li neý­ron to­ru­na bar­ýar we gur­luş özü­niň do­lan ­dyr ­ýan ro­bot­laş­dy­ry­lan eli­ne buý­ruk bermek bi­len, sig­na­la jo­gap ber­me­gi öw­ren­ýär. Bu gur­luş bir­nä­çe tür­gen­le­şikler­den soň­ra «eli» bi­len du­ran to­py 0,23 se­kunt­da al­ma­gy öw­ren­di. Alym­la­ryň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, eme­li neý­ron ul­ga­my aň­ly bio­lo­gik tä­si­ri gaý­ta­la­ýar we gel­jek­de newro­lo­gik has­sa­ly­gy bo­lan adam­la­ra öz el-aýak­la­ry­ny öň­kü­si ýa­ly dolan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­li­gi gaý­ta­ryp be­rip bi­ler.

Ýüzden ady kesgitleýän neýrotor ABŞ-da­ky «Mit­re» yl­my-bar­lag mer­ke­zi ada­myň su­ra­tyn­dan onuň ady­ny kes­git­läp bil­ýän teh­no­lo­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­dy.

«For­bes» ne­şi­ri­niň ýaz­ma­gy­na gö­rä, bu mak­sat­na­ma ýü­zi ta­na­mak ul­ga­my­ny go­wu­lan­dyrmak üçin dö­re­dil­di. Şeý­le ne­ti­jä­ni ga­zan­mak üçin alym­lar eme­li aňa ady ýa­zy­lan surat­la­ryň müň­ler­çe­si­ni gör­kez­di­ler. Ne­ti­je­de, neý­ro­tor her bir adyň kesgit­li ala­mat­la­ry­ny ýat­da sak­la­ma­gy öw­ren­di. «Mit­re»-niň tä­ze teh­no­lo­giýa­sy özü­ne gör­ke­zi­len iki su­rat­dan ki­miň kim­di­gi­ni 80 gö­te­rim ta­kyk­lyk bi­len kes­git­läp bil­ýär. Os­kar Waýldyň meş­hur ro­ma­ny­nyň gah­ry­ma­ny Do­rian Gre­ýiň ady bi­len at­lan­dy­ry­lan eme­li aň özü­ne ber­len ada sal­gyla­nyp, ge­rek­li ada­myň ýü­zü­ni hem ta­pyp bil­ýär.

Ummany öwrenmäge ýardam eder

Mas­sa­çu­set­siň teh­no­lo­gik insti­tu­ty­nyň komp­ýu­ter ylym­la­ry we eme­li aň bar­lag­ha­na­sy­nyň alym­la­ry um­man­la­ryň jüm­mü­şi­niň gur­lu­şy­ny öw­ren­mä­ge ni­ýet­le­nen de­ňiz ýyl­dyzy gör­nü­şin­dä­ki ro­bo­ty köp­çü­li­ge ta­nyş­dyr­dy­lar. Ro­bot bu işde ba­lykla­ry we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­ny hiç hi­li bi­ra­hat et­mez. Hü­när­men­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, um­man­da­ky dur­mu­şy res­mi­na­ma­laşdyr­mak örän çyl­şy­rym­ly we ha­ra­jat­ly işdir. Se­bä­bi mu­nuň üçin peý­da­la­nylýan en­jam­lar berk bol­ma­ly, em­ma ada­myň he­re­ke­ti­ne duý­gur bo­lan de­ňiz jan­dar­la­ry­na zy­ýan ýe­tir­me­li däl. Bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin alymlar tä­ze de­ňiz ro­bo­ty­ny iş­läp taý­ýarla­dy­lar. Ýum­şak ma­te­rial­dan ýa­sa­lan de­ňiz ýyl­dyz­jy­gy kuw­wa­ty pes bo­lan ýe­ke-täk mo­tor­jy­gyň kö­me­gi bi­len he­re­ket edip bil­ýär. Ro­bo­ta de­ňiz ýyl­dy­zy­nyň şe­ki­li­niň be­ril­me­gi bu jan­da­ryň he­re­ke­ti­niň ýöne­keý­li­gi we gel­şik­li­li­gi bi­len dü­şündi­ril­ýär. Şeý­le hem alym­lar gel­jek­de beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň şe­ki­lindä­ki ro­bot­la­ry hem taý­ýar­la­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

 

 Azatnepes ANNANEPESOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

 we informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.