Document

Watanyň ýüregi — AŞGABAT

Image
  • 26/11/2021
  • 1647

Watanyň ýüregi — AŞGABAT

Mer­mer paý­tag­tymyz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýän önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­dyr des­ga­lar Aş­ga­ba­dyň gur­lu­şyk inf­rast­ruktu­ra­sy­nyň has-da ös­ýän­di­gi­ni we ýa­şaý­jy­lar üçin äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän şä­her­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Hu­su­san-da, paý­tag­ty­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň üns mer­ke­zinde sak­lan­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­lygyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­my­zyň 16-njy mar­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň paý­tag­ty­myz hem-de Ahal we­la­ýa­ty bo­ýun­ça iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, şä­heriň bir­nä­çe des­ga­la­ryn­da­ky we beý­le­ki gur­lu­şyk­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­ma­gy hem do­ly tas­syk­la­ýar.

Bu günki gün Aşgabat belent ösüşleriň şäheri hökmünde tanalýar. Ak şäherimizde bina edilýän ak mermerli binalarda özara sazlaşyk bar. Olar Watanymyzyň ähli ugurlarda ýetýän belent sepgitlerini, bedew batly ösüşlerini, şöhratly türkmen halkynyň galkynyşyny alamatlan­dyr­ýar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň ýü­re­gi — gö­zel şäherimiz Aşgabatda iri halkara maslahatlary geçirilýär, umumadamzat bähbitli çözgütler kabul edilýär, möhüm döwlet çäreleri durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösen merkezdigini dolulygyna subut edýär. Aş­ga­bat — gel­je­giň şä­he­ri . Bu ýer­de hormatly Prezidentimiziň «akylly» şäherler konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyranda bu ugra aýratyn ünsi çekmegi hem güwä geçýär. Şol gün döwlet Baştutanymyz «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly düşünjeleriň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny göz öňünde tutup, «akylly» şäherler konsepsiýasyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady. «Akylly» şäheriň mysalynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde dörediljek «Aşgabatsiti» binagärlik taslamasyny görkezmek bolar. Häzirki zaman şähergurluşygynda iň döwrebap merkezleriň biri boljak bu taslamany amala aşyrmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň özara sazlaşygyna esaslanylar. Bu bolsa geljegiň şäheri bo­lan smart si­ti­niň — «akyl­ly» şä­he­riň äh­li durmuş amatlyklaryny özünde jemlejekdigini görkezýär. Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagty­myz­da «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy baýram ediler. Häzirki wagtda bu şanly senäni ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa bagyşlanyp dürli medeni we köpçülikleýin çäreleriň ençemesi geçirilýär. Munuň özi gözel Aşgabadyň ýeten sepgitlerini we gaýtalanmajak gözelliklerini dünýä ýaýmaga ýardam eder, onuň halkara at-abraýynyň has-da artmagyna mümkinçilik berer.

 

 Şemşat AŞYROWA,

 Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar

    we informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.