Document

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Image
  • 26/11/2021
  • 2440

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň in­nowa­si­ýa ug­ru­ny ös­dür­mekde, tä­ze pu­dak­la­ry dö­retmek­de, içer­ki ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan bäs­leş­li­ge ukyp­ly dür­li önüm­le­riň özü­miz­de ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyrmak­da hem-de eks­port ugur­ly önüm­le­ri ön­dür­mek­de hi­mi­ýa se­na­ga­ty­na uly ähmi­ýet­li orun de­giş­li­dir. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sat te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zyň re­je­li hem-de ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Stra­te­gik taý­dan mö­hüm äh­mi­ýet­li bu we­zi­pe­ler, diňe bir çig ma­ly çy­kar­ma­gy däl, içer­ki hem-de da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­le­ge eýe bo­lan ýo­ka­ry hil­li dür­li önüm­le­ri ön­dür­mä­ge müm­kinçi­lik ber­ýän yl­myň we teh­ni­ka­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry esa­syn­da çig ma­lyň düýp­li gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi­ni hem öz içi­ne al­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýurdu­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da durmuş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Maksat­na­ma­sy­nyň» esa­syn­da ut­gaş­dy­ry­lyp taý­ýar­la­nan pu­dak­la­ýyn mak­sat­na­mala­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de se­na­ga­tyň beý­le­ki pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­la­nyp, himi­ýa pu­da­gy­na hem in­no­wa­sion san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler or­naş­dy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­tan­da hi­mi­ýa yl­my­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­megiň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let Mak­sat­na­ma­sy» «Türk­me­nis­ta­nyň Prezi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dürme­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň»  dü­züm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Döw­let Mak­sat­na­ma­sy hi­mi­ýa pu­da­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni mun­dan beý­läk-de çalt­lan­dyr­mak, öňde­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, in­no­wa­si­ýa­lar hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry esa­syn­da ykdy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de hi­mi­ýa yl­mynyň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň tut­ýan or­nu­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li­le­ri­ni önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­gyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek, ýur­du­my­zy suw se­riş­de­le­ri bi­len dur­nuk­ly üp­jün etmek we suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry dö­ret­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň öňde go­ýan we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Şeý­le­lik bi­len, is­len­dik hi­mi­ýa kär­hana­syn­da san­laş­dy­ryş ul­ga­my tä­ze­lik­ler üçin ka­ta­li­za­tor hök­mün­de ula­ny­lyp bil­ner. Soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da köp ugur­lar bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi işe­wür­lik we iş mo­del­le­ri­niň, şeý­le hem aly­jy­la­ryň funk­sio­nal, gu­ra­ma­çy­lyk we ma­li­ýe en­dik­le­ri­niň üýt­ge­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Bu inf­rast­ruk­tu­ra üýt­ge­me­le­ri, çalt ös­ýän teh­no lo­gi­ýa­lar bi­len bir­lik­de, önümçi­li­gi hem öz içi­ne al­mak bi­len, işe­wür­li­gi ös­dür­mä­ge güýç­li iter­gi ber­ýär. Şeý­le şert­ler­de in­no­wa­si­ýa çöz­gü­di­niň ýü­ze çyk­ma­gy bi­len, ony dur­mu­şa ge­çir­megiň ara­syn­da­ky wagt ara­ta­pa­wu­dy­ny göz öňün­de tu­tup, hi­mi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry il­kin­ji no­bat­da san­ly stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­mäge we içer­ki işleri san­ly­laş­dyr­maga gö­nük­dir­me­li­dir. Olar şu­lar­dan yba­rat:

 • hä­zir­ki za­man san­ly kär­ha­na­ny dö­ret­mek üçin anyk stra­te­gi­ýa­dan başlap, ösen işe­wür­li­gi öz­gert­mek pro­se­si­ni çalt­lan­dyr­mak;

• me­se­lä çuň­ňur dü­şün­mek we kärha­na­nyň içer­ki müm­kin­çi­li­gini eme­le ge­tir­mä­ge we ber­kit­mä­ge ukyp­ly uzak möh­let­le­ýin stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­mek ar­ka­ly kär­ha­na­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek;

 • çyl­şy­rym­ly we di­na­mi­ki eko­ulgamlar­da tö­wek­gel­çi­lik­le­ri kes­git­le­mek üçin gur­luş­ly çe­me­leş­mä­ni ös­dür­mek;

• san­ly amal­la­ry me­ýil­leş­dir­mek, durmu­şa ge­çir­mek we gö­zeg­çi­lik et­mek üçin tä­ze, tä­sir­li çeş­me­le­ri özü­ne çe­kip bil­ýän çe­ýe iş mo­del­le­ri­ni gur­mak;

 • tä­ze pi­kir­le­ri gol­da­jak we öw­ren­mek is­le­gi­ni hö­wes­len­dir­jek tä­ze­lik­le­ri kor­pora­tiw me­de­ni­ýe­te yzy­gi­der­li bir­leş­dir­mek ul­ga­my­ny gur­mak degişlidir. Bu­lar, esa­san, ga­zyň we ne­bi­tiň ön­düri­li­şi­ne, gaý­ta­dan iş­le­ni­şi­ne we da­şa­ly­şyna gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­lar­dyr.

Hä­zir­ki za­man ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly ul­gam­laryň, şeý­le-de, san­ly ara­gat­na­şyk we aw­to­matlaş­dy­ryş esas­ly do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ryň önüm­çi­li­ge we dur­mu­şa has çuň­ňur we hem­me­ta­rap­la­ýyn ara­la­şan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Hä­zir­ki dö­wür­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ada­ty hi­mi­ki önüm­çi­li­giň köp bas­gan­çak­la­ryn­da adam­lar üçin do­ly hu­kuk­ly we gir­de­ji­li usul bo­lup dur­ýar. San­ly­laş­dyr­ma we aw­to­mat­laş­dy­ryş ul­gam­la­ry bo­lan hä­zir­ki za­man çyl­şy­rymly en­jam­lar, il­ki bi­len, daş­ky gur­şa­wy hem goş­mak bi­len, is­len­dik adat­dan da­şa­ry ýag­daý tö­wek­gel­çi­li­gi­ni düýp­gö­ter azaldar. Şeý­le hem çyk­da­jy­la­ry azalt­ma­ga, önüm­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­maga, ýag­ny gel­ýän çig ma­lyň bir­li­gi üçin ýo­ka­ry hil­li önü­miň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­karlan­dyr­ma­ga ep-es­li kö­mek ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz tagal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyrmak: elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek, bäs­leş­li­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni san­ly­laş­dyr­mak  Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyklyk­da, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da ylym ul­ga­myn­da hem de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­ýar. San­ly teh­nolo­gi­ýa­ny giň­den ulan­mak ar­ka­ly yl­myň, bi­li­miň we önüm­çi­li­giň ara­syn­da­ky öza­ra bag­la­ny­şy­gy has-da iş­jeň­leş­dir­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki san­ly öz­gert­me­le­ri yl­my-teh­ni­ki we intel­lek­tual taý­dan üp­jün et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.  Şo­nuň esa­syn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýeti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň biri bolan hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny san­ly­laş­dyr­mak bi­len, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len önüm­çi­li­giň ara­syn­da yl­my mag­lu­mat­la­ry alyş­ma­gyň to­ru­ny eme­le ge­tir­mek mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Tehno­lo­gi­ýa­nyň adam­za­dyň dur­mu­şy­na or­na­şan gü­nün­den onuň wezi­pe­si iş­çi güý­jü­ni, wag­ty we se­riş­de­le­ri tyg­şyt­la­mak­da­ky ar­tyk­maç­lyk­la­ry ýü­ze çy­kar­mak­dyr.

 Eje­gül BER­DI­ÝE­WA,

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýalar

 we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my

Ähli hukuklary goralan.