Document

ÝAŞLAR WE SANLY INNOWASIÝALAR

Image
  • 26/11/2021
  • 1996

ÝAŞLAR WE SANLY INNOWASIÝALAR

13 — 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň ilkinji güni örän netijeli boldy. «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde guralýan bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. Olar bäsleşigiň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçiliklerinidir taslamalaryny hödürleýärler. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde guralýan bäsleşikde hödürlenen işleriň derwaýyslygyna, ideýasynyň özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, programmirlemegiň işlenip düzülen diline, interfeýsiniň kämilligine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna baha berilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, maglumat merkezleriniň işini kämilleşdirmekde, «akylly» şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmelidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyrlar, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalar edilmelidir, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde, umuman, ähli ýerlerde «akylly» şäherler konsepsiýasyna möhüm üns berilmelidir. Şo­ňa görä-de, bäsleşige gatnaşyjylar onuň ugurlaryna laýyklykda, geljegi uly taslamalar, uly gyzyklanma döredýän programma üpjünçilikleri bilen öz aralarynda bäsleşýärler. Taslamalaryň aglabasy Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplaryna degişli. Olardan «E-mekdep», «Onlaýn market», «Wirtual himiýa tejribehanasy», «Elektron test ulgamy», «Zehinlije», «Binalaryň 3D görnüşli şekili», «Interaktiw kitap», «Ylham seýilgähine wirtual syýahat» ýaly taslamalar bilen okyjylarymyzy «Sanly çözgüt — IT meýdançada» alnyp barylýan işler hakyndaky makalamyzda ozal hem tanyşdyrypdyk. Bu ýokary okuw mekdebinde taýýarlanan «Aşgabat şäheriniň awtobus ugurlary» taslamasy paýtagtymyzda hereket edýän awtobuslaryň gatnaw ýoluny görkezýän, oflaýn görnüşde işleýän programma üpjünçiligidir. «Awtomatlaşdyrylan awtoduralga» bolsa ýapyk we açyk görnüşli uly awtoduralgalarda tiz boş orunlary tapyp, ulaglary goýmaga ýardam edýär. «Akylly öý ulgamy» ulanyjylara öz öýlerini öýjükli telefon arkaly dolandyrmaga we oňa gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. «Innowasion şäherde AI taslamalaryny ornaşdyrmak» emeli aňyň berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze gurulýan şäherlerde desgalary ses arkaly dolandyrmak bilen, adamlaryň işini ýe­ňilleşdirmäge, wagtyny tygşytlamaga, aragatnaşyk ulgamlarynda ýüze çykýan köp sowallara dolandyryjysyz jogap bermäge, ses arkaly buýruklary ýerine ýetirmäge ukyply programma üpjünçiliklerini taýýarlamaga gönükdirilen taslamadyr. Bulardan başga-da, «Wideoýazgylaryň kömegi bilen şahsyýetler barada maglumat almak», «Onlaýn görnüşde «Bilim» žurnalyna abuna ýazylmak», «Çagalar baglaryna onlaýn resminama tabşyrmak», «Çagalara 4 dilde elipbiý öwretmek», «Kafe», «Dünýä dillerini öwrediji programma üpjünçiligi», «Söwda we hyzmatlar ulgamyny awtomatlaşdyrmak», «Tiz kömek ulgamy», «Elektron hasabat ýöretmek üçin programma», «Maglumatlar», «Reýting programma üpjünçiligi» hem yhlasly gözlegleriň miwesidir. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden «Himiki elementleri öwretmegiň sanlylaşdyrylyşy» himiýa tejribehanalarynda kompýuter tehnologiýasynyň üsti bilen Mendeleýewiň himiki elementleriniň tablisasyny ulanmagyň iň oňaýly ýoluny ornaşdyrmak hem-de «Rieltor» programma üpjünçiligi jaý satýanlara, gözleýänlere kömek etmek maksady bilen hödürlenýän taslamalardyr. Howpsuzlyk ulgamlarynda esasy ünsi çekýän «Real wagtyň dowamynda adamyň ýüz keşbini anyklaýan we hasaba alýan programma üpjünçiligi» statistikada, kibernetikada we önümçiligiň dürli senagat ugurlarynda ulanmak, «Elektron gündelik» ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylary üçin ähmiýetlidir. «Ekerançylyk meýdanlaryny sanly karta geçirmegiň we distansion gözegçilikleriň hasyllylygy ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti» taslamasy hem özüne çekijidir. Onda oba hojalygynda islendik nokatdan ýurdumyzyň çägindäki ekerançylyk meýdanlaryna uzak aralykdan gözegçilik edilýär. «Sanly geoinformasion kartlary peýdalanyp, ekologik monitoringleri geçirmegiň ýollary» taslama işiniň esasy maksady «ArcGIS 10» programmasyny peýdalanyp, islendik ýeriň sanly geoinformasion kartasyny düzüp, ekologik barlaglary geçirmekden ybaratdyr. «Fonetik der­ňew programmalary» türkmen dili boýunça islendik sözi ýazanyň­da, awtomatik ýagdaýda elektron fonetik der­ňew etse, «Iň­lis dilini öwrenmek üçin elektron gollanma» dünýä dillerini söýýänlere ajaýyp sowgatdyr. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden hödürlenen taslamalaryň birnäçesi maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugruna degişli. «Kiberhüjümlere garşy programmalaýyn toplum» kompýuter ulgamyny daşky howplardan goramaga, «Ulgamlaýyn žurnal utilitasy» kompýuterde ýerine ýetirilýän amallara gözegçilik etmäge niýetlenendir. Şeýle-de «Raýatlaryň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamynyň programma üpjünçiligi» görkezilen nusga boýunça raýatlaryň maglumatlaryny taýýarlamak, olary köpçülikleýin çap etmek, redaktirlemek, dürli ölçegler boýunça gözlemek işlerini ýerine ýetirýär. «Iş, okuw meýilnamasyny düzýän awtomatlaşdyrylan ulgam programmasy» sanly okuwlary guramakda amatly bolsa, «Sanly bilim ulgamy üçin öwrediji multimediýa programma önümleri» ýaşlaryň bilim-düşünjelerini artdyrýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan hödürlenen «Neýron tor tehnologiýasy» atly taslamanyň maksady neýron tor tehnologiýasyna esaslanan programmany işläp düzmek we söwda ulgamynda harytlaryň bahalarynyň geljekki çaklamalaryny almak, «Ýokary okuw mekdeplerinde talyplary QR kody arkaly hasaba almak» taslamasy talyplaryň gatnaşygyna gözegçiligi kämilleşdirmek bilen baglydyr. Jemgyýetçilik iýmitini guramagyň işewürlik meýilnamasynyň ykdysady seljermesini sanlylaşdyrmak maksady bilen, «Işewürlik meýilnamasy», «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç aljak myhmanlara hyzmatlaryň doly toplumyny hödürlemek hem-de ýokary derejeli amatlyklary döretmek üçin «Awaza syýahat», sanly tehnologiýalary önümçilikde işjeň ulanmak, milli programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan kärhanalary döretmek we ösdürmek üçin ýörite meýdançalary guramak maksady bilen, «Erkin ykdysady zolaklarda tehnopolisleri ösdürmegiň aýratynlyklary» taslamalary işläp düzülipdir. Şeýle-de bu bilim ojagyna degişli «Awtoulag kärhanalarynyň optimal dolandyrylyşyny sanly tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmek» taslamasy awtoulag kärhanasynyň sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylyşyny ýola goýmak ýaly wajyp wezipä bagyşlanypdyr. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan hödürlenen «Bilim prosesini awtomatlaşdyrýan maglumatlar ulgamy» taslamasy sanly bilim ugruna degişlidir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyndan «Sanly şäher», «TM bank», «Internet söwda merkezi», «Elektron žurnal», «Elektron test», «Barlag-goýberiş nokady», «Şypaly ösümlikler», «Hassahanada dolandyryş ulgamy», «Şahsy akkaundy goramak», iş berijilerdir iş gözleýänler üçin «Iş portal», bilim ojaklaryna dalaşgärleriň resminamalaryny uzak aralykdan kabul etmek üçin «Dalaşgär», Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-de­ňiz mekdebinden «Orta mekdepleriň elektron žurnaly» taslamalarydyr programma üpjünçilikleri hem ýaş alymlaryň ylmy gözlegleriniň köpugurlydygyny görkezýär. Bäsleşikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň işjeň­lik görkezýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Aşgabat şäherindäki 75-nji orta mekdepden «Maglumat alyş-çalşygy we onuň howpsuzlygy» taslamasy sanly aragatnaşygy ösdürmäge we wagty tygşytlamaga uly kömek edýär. Paýtagtymyzdaky 4-nji orta mekdepden hödürlenen «Akylly gorag» taslamasy innowasion şäherlere niýetlenip, ony binalaryň girelgesine ornaşdyryp, ulaglaryň hereketine gözegçilik etmek mümkindir. Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdepden «File manager», daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdepden «Ynamly hasap», 132-nji orta mekdepden «3D gallograma piramidasy», matematika we informatika derslerini çuň­laşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdepden «De­ňeşdir» taslamalary bäsleşige hödürlenip, uly gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, «De­ňeşdir» onlaýn söwda saýtynyň kömegi bilen söwda nokatlarynda satylýan harytlaryň bahalaryny görüp, de­ňeşdirip bolýar. Umuman, bäsleşige hödürlenýän işler köpugurlylygy, döredijilikli hem-de yhlasly çemeleşilendigi, täzeçilligi bilen tapawutlanýar. «Sanly innowasiýalar» bäsleşigi 15-nji aprele çenli dowam eder. Geljekde onuň netijelerini milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, sanly ulgamlary ornaşdyrmakda, giň gerimli gurluşyk taslamalarynda ulanmak, bu ugurda ýaşlary täze gözleglere höweslendirmek göz öňünde tutulýar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW. «Türkmenistan».

Ähli hukuklary goralan.