Täze kitaphana dolandyryş ulgamy

Image
  • 22/11/2021
  • 1172

Täze kitaphana dolandyryş ulgamy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Ösüşe ak ýol” ady bilen maýa goýum taslamalarynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyp ýaşlary, mugallymlar has takygy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary Işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýaş Alymlar Geňeşleriniň wekilleri startup üçin taslama-teklipleri bilen çykyş etdiler.

Kitaphana dolandyryş ulgamy:

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurdumyzda ykdysadyýeti we bilim ulgamyny sanlaşdyrmak ugrunda alnyp barylyan işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen Ýaş alymlar geňeşinde Awtomatlaşdyrlan Kitaphana dolandyryş ulgamy işlenip taýýarlanyldy. Kitaphana dolandyryş ulgamy kitaphanany awtomatiki ýagdaýda dolandyrmak üçin niýetlenen. Bu ulgamyň esasy maksady Kitaphanada alnyp barylyan işleri awtomatlaşdyrmak ýagny ähli kitaplaryň, gazetleriň, žurnallaryň sanawyny şeýle hem talyplaryň kitapçalaryny we kitap alyş çalyşygyna degişli prosessleriň awtomatlaşdyrylmagydyr.

Onda ulanyjylary RFID ulgamyň üsti bilen ulanyjylary hasaba alyp, soňra öz ulanyjy kartlarynyň üsti bilen  kitap bermek işi alnyp barylýar. Şeýle hem özlerine gerek bolan kitaplary okap we ýükläp bilmek mümkinçilikleri bar.

Döwran AHMEDOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.

Çeşme: //ashgabat.in/2021/02/01/taze-kitaphana-dolandyrys-ulgamy

Ähli hukuklary goralan.