«YLHAM» SEÝILGÄHINE WIRTUAL GEZELENÇ: oňaý­ly, amat­ly, gy­zyk­ly

Image
  • 22/11/2021
  • 154

«YLHAM» SEÝILGÄHINE WIRTUAL GEZELENÇ: oňaý­ly, amat­ly, gy­zyk­ly

Institutyň 1-nji ýyl talyplary Allanazar Baýramdurdyýew bilen Ilýasbek Täjibaýewiň taýýarlan taslamasy «Ylham» seýilgähine wirtual syýahat» diýip atlandyrylýar. «Krpano» programmasynda döredilen bu web-saýtda häzir vr.eduboxtm.com salgysynyň üsti bilen Aşgabat şäherindäki «Ylham» seýilgähine wirtual gezelenç etmek mümkinçiligi bar. Bu taslama arkaly seýilgähde heýkelleri oturdylan şahsyýetleriň ählisi — IX-X hem-de XVIII-XIX asyrlaryň nusgawy şahyrlary we XX-XXI asyryň ýazyjylary baradaky maglumatlar bilen tanşyp bolýar. Allanazar Baýramdurdyýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda tutuş dünýäde muzeýdir seýilgählere wirtual gezelençler ýörgünli bolup başlady. Munuň özi oturan ýeriňden, internete birikmek arkaly Ýer şarynyň islendik künjeginiň gözel ýerlerine gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Taslamanyň awtory ilkibaşda kompýuter arkaly daşary ýurtlaryň muzeýlerine wirtual syýahat edip görüpdir we bu tejribäni öz ýurdumyzda hem ornaşdyryp boljakdygyna göz ýetiripdir. Gysga wagtyň dowamynda-da, ine, şu taslama «dünýä inipdir». Allanazaryň geljekde uly maksatlary bar. Ol «Ylham» seýilgähine wirtual syýahat» atly taslamany ýakyn wagtda öz degişli salgysy bilen, üç dilde işe girizmegi, soňlugy bilen paýtagtymyzdaky muzeýleridir beýleki seýilgähleri hem wirtual görnüşe geçirmegiň üstünde işlemegi meýilleşdirýär.

Ähli hukuklary goralan.