- 22/11/2021
- 1490
«eMEKDEP»: bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga mynasyp goşant
Sanly ykdysadyýet hem sanly bilim düşünjeleri biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzda şu iki ugry utgaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Heniz 1-nji ýyl talypdygyna garamazdan, Durdygylyç Mergenowyň işläp taýýarlan «eMekdep» ulgamynyň durmuşa ornaşdyryljak günleri uzakda däl. Bu taslamanyň esasy maksady orta mekdeplerde gündelik kagyz işlerini awtomatlaşdyrmakdan we sanly ulgama geçirmekden ybarat. «PHP» programma dilinde, «Laravel» kitaphanalaryndan peýdalanyp döredilen bu taslamada, esasan, 4 sany ulanyjy bolup, ol mekdep müdiriniň, mugallymlaryň, okuwçylaryň we ata-eneleriň ýakyn arabaglanyşygyny üpjün edýär. Onuň işleýiş tertibi barada: — Elektron dergiden we gündelikden başlap, okuwçylara berilýän bilimiň hiline gözegçiligi hem-de sanly maglumat gorlaryna elýeterliligi üpjün edýän bu ulgamda administrator (mekdep müdiri) maglumatlary girizýär, sazlamalary, senenamalary (seneleri awtomatik usulda hasaplamak üçin) taýýarlaýar. Şeýle hem onda dersler we olaryň ugry, okadýan mugallymy, degişli synplar görkezilýär. Okuwçy hakynda ýerleşdirilen maglumat bolup, oňa ata-enesi hem birikdirilýär. Mugallym bolsa gündelik ders rejesini, okuwçylaryň sanawyny elektron nusgada görüp bilýär. Edil kagyz görnüşindäki ýaly, elektron dergide okuwçylary bahalandyryp, sapaga gatnaşmadygyny bellik edip bolýar. Mugallym baha goýanda, okuwçynyň ata-enesiniň el telefonyna SMS habary barýar. Şeýle-de elektron dergide okuwçynyň hakyky wagtda üýtgäp durýan çärýek bahalary awtomatik usulda hasaplanýar. Şu hili aýratynlyklar taslamanyň esasy amatly tarapydyr — diýip, Durdygylyç Mergenow gürrüň berdi. Görüp otursak, ol bu taslamasynyň üstünde heniz mekdep okuwçysy wagty işläp başlapdyr. Islendik işde dünýä tejribesini içgin öwrenmek zerur. Durdygylyç hem «eMekdep» mekdep dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlanda, esasan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň sanly bilim boýunça tejribesi bilen ýakyndan tanşandygyny, olary öz milli tejribämiz bilen utgaşykly peýdalanmagyň netijeli bolýandygyny aýdýar. Häzirki günlerde paýtagtymyzdaky mekdepleriň ikisinde bu taslamany ornaşdyrmak boýunça synag işleriniň dowam edýändigi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.