Document

«SANLY ÇÖZGÜT — IT MEÝDANÇA» HOJALYK JEMGYÝETI: tä­ze pi­kir­le­riň, in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň dün­ýä­si­ne sy­ýa­hat

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • «SANLY ÇÖZGÜT — IT MEÝDANÇA» HOJALYK JEMGYÝETI: tä­ze pi­kir­le­riň, in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň dün­ýä­si­ne sy­ýa­hat
Image
  • 22/11/2021
  • 2099

«SANLY ÇÖZGÜT — IT MEÝDANÇA» HOJALYK JEMGYÝETI: tä­ze pi­kir­le­riň, in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň dün­ýä­si­ne sy­ýa­hat

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň paýtagtymyzyň Oguz han köçesiniň ugrundaky okuw binasynyň ýanynda dö­re­di­len «San­ly çöz­güt — IT meý­dança» hojalyk jemgyýetine baranymyzda, bada-bat ikinji gata çykylýan basgançakdaky: «Ähli zat pikirden başlanýar» di­ýen ýaz­gy­da na­za­rym eg­len­di. Munuň hakykatdan-da şeýledigine as­la şüb­he ýok. Yn­sa­ny beý­le­ki jan­lyjandarlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk hem hut pikirlenip bilmek başarnygy ahyryn! Akyllybaşly pikirlenmek bilen, adamzat özüni gurşap alan barlykda indi sanýetmez ýyllardan bäri ýaşamagyny do­wam edip gel­ýär. Ýer ýü­zün­dä­ki adamlaryň sany milliardlarça, pikirlere bol­sa as­la soň­lan­ma ýok... Işläp başlanyna o diýen köp wagt geçmedigem bolsa, biziň gürrüňini etmekçi bolýan IT meýdançamyza gatnaýan ýaşlaryň täzeçil pikirlenmelerinden, görüň, eýýäm innowasion taslamalaryň näçesi kemala gelipdir! Olary önümçilige ornaşdyrmakda-da as­la müş­gil­lik ýok. Hor­mat­ly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmegi ýurdumyzyň ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde kesgitlän zamanyn­da şu hi­li «akyl­ly» çe­me­leş­me­le­re ze­rur­lyk bar­ha art­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, IT hünärmenlere we olaryň önümlerine zähmet bazarynda-da isleg örän ýo­ka­ry. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde döredilen, hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilýär we baglaşylan şertnamalar esasynda olar önümçilige ornaşdy­rylýar. Bu ýer­de dür­li pudaklaryň sanly ykdysadyýete geçmek bilen baglanyşykly programma üpjünçiligini taýýarlamak hem-de olara bilermen netijesini bermek işi ýokary derejeli IT hünärmenleri taýýarlamak bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Belli bolşy ýaly, maglumat tehnologiýalary (IT) adalgasy ilkinji ge­zek 1958-nji ýyl­da peý­da bol­ýar. IT hünärmenlere zerurlyk bolsa 60-njy ýyllarda, ilkinji elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) döredilen­de ýü­ze çy­kyp baş­la­ýar. Diý­mek, asyrlary arka atan hünärler bilen deňeşdirilende, maglumat tehnologiýalary bilen iş salyşýanlaryň käri örän ýaş bol­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, hä­zir­ki «mag­lu­mat­lar asy­ryn­da» olaryň meşhurlygy günsaýyn artmak bi­len.

Çeşme: Nesil gazeti. 

02.03.2021

Ähli hukuklary goralan.