Document

Miras- halkyň hazynasy

Image
  • 22/11/2021
  • 2506

Miras- halkyň hazynasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzda adamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrülen taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen işleriň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsiniň ýadygärlikleriniň — gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaý galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem ýurdumyzda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy üçin durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijesidir. Halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan hasaba alyndy. Bu sanaw taryhy ähmiýetli açyşlaryň hasabyna yzygiderli artýar. Taryhy-medeni mirasa juda baý bolan ata Watanymyza jahankeşdeleriň gyzyklanmasy hem hasda artýar. Daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip, täsin bezegleri bilen haýran galdyrýan ýadygärliklerimiz olarda uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň örän ähmiýetli arheologik we binagärlik ýadygärlikleri Beýik Ýüpek ýoly bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerde hem-de orta asyrlarda kerwen ýollary boýunça diňe bir harytlar däl, eýsem, dürli halklar barada maglumatlar hem ýetirilipdir. Munuň özi dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlarda özara gyzyklanma döredipdir. Şeýle gatnaşyk Merkezi Aziýanyň, hususanda, Türkmenistanyň üstünden geçipdir, çünki geografik taýdan amatly ýerleşen bu sebitiň daşyndan aýlanyp geçmek asla mümkin däldi. Ine, şoňa göräde, Beýik Ýüpek ýoly gadymy ösüşleriň ajaýyp gazananlarynyň biri bolup, adamzadyň taryhynda Ýewropadan Hytaýa çenli örän uly giňişliklerde dürli halklary ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik beripdir. Milli medeniýet halkyň döredijilik zehininiň, gadymy binagärlik we heýkeltaraşçylyk ussatlarynyň kämil däpleriniň nesilden-nesle geçijiliginiň, zergärler, küýzegärler, demirçi ussalar, dokmaçylar, gurluşykçylar, agaç ussalary, halyçylar we tikinçiler hem-de beýlekiler ýaly senetkärleriň binýadynda ösdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ruhy medeniýetiniň sahypalaryny öwrenmekde aýratyn tagalla edýär. Şol medeniýet diňe bir milli nusgawy edebiýatda hem-de ajaýyp pelsepeçileriň işlerinde däl, eýsem, halkyň dünýägaraýşynda, onuň ahlak kadalarynda ýüze çykýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda milli medeniýetiň iň oňat däplerini ösdürmek hem-de dowam etdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Milli medeniýetiň iň oňat däpleriniň durnuklylygy netijesinde, ol dünýä ösüşiniň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler gadymy milli medeniýetiň, döredijilik däpleriniň, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleriniň hil taýdan täze ösüşine, milletiň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berýär.

Süleýman AHMEDOW,

 Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.