- 22/11/2021
- 1016
Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary
Aganepes AKUMMEDOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy: — Beýik pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň biri hem adalatlylykdyr. Bu asylly häsiýet merdana pederlerimiziň ömür ýolunda şamçyrag, durmuşyna nur çaýýar. Çünki bu ezeli terbiýe hem-de dogabitdi häsiýet türkmeniň baý ruhunda, belent serinde, joşgunly gursagyndadyr. Adalatlylyk, dürs düzgünlilik we ýazylmadyk kanunylyk kadasy bize ömürleriň aýdymy bolan ene hüwdüsi, atalarymyzyň agras nazary, Oguz hanyň kadasy, Jygalybegiň pentleri, Gorkut atanyň diwany, Pyragynyň namasy bilen geçendir. Şunuň netijesinde hem milli jemgyýetimizde berk kada-kanunyň binýadynyň berkliginde adalatlylyk we parahatçylyk höküm sürýär. Ulus-ilimiziň adalatly Arkadagy — hormatly Prezidentimiz: «Kadakanunlary dogry beýan etmek, olardan dogry peýdalanmak zerurlygyny islendik jemgyýet hem duýýar. Bu adalat babatdaky berk garaýyşlaryň netijesidir» diýip bellemek bilen, milli ýörelgäniň kanuny taýdan berkidilmegine we ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Çünki jemgyýetde adalatyň ýol almagy, jemgyýetiň işiniň düzgünleşdirilmegi, döwrebap kanunlaryň işlenip düzülmegi, döwlete ornaşdyrylmagy, raýatlaryň oňa berk eýermegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda iki palataly parlament ulgama geçmek bilen baglanyşykly syýasy başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adalatly jemgyýetiň milli demokratiýasynyň ösüşlerini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Konstitusiýamyzda kesgitlän esasy ugurlarymyz boýunça ösen berkarar döwletimizi geljekki nesillere miras galdyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr» diýip bellemegi bolsa, bu ugurdaky halk bilen jebisleşen işiň has-da rowaçlanjakdygynyň nyşanydyr.