- 22/11/2021
- 985
Beýik işleriň eýýamy
Aşgabadyň abadançylygyň hem parahatçylygyň merkezi hökmündäki abraýy bu gün sebitiň çäginden çykyp, tutuş Ýer ýüzüne ýaýraýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde häzirki wagtda dost-doganlygyň, ylalaşdyryjylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmagynyň hem hut şu belent maksatlardan ugur alýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. Bu şygary mähriban halkymyz uly buýsanç we guwanç bilen kabul etdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagynda hem möhüm ähmiýeti bolan bu çagyryş häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda nygtaýşy ýaly: «Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr». Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara derejeli maslahatlar, forumlar, medeni-syýasy çäreler baş şäherimizde bu ugurda amal edilýän beýik işleriň aýdyň dabaralanmasydyr. Gün-günden görkana keşbe eýe bolup, türkmeniň gözel kalbyny aýdyň şöhlelendirýän paýtagtymyzyň täsin binagärlik keşbi häzirki wagtda köpleri haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň köp binalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Sebitiň merjen şäherine öwrülen Aşgabadyň häzirki ajaýyp keşbiniň, ösen derejesiniň kemala getirilmeginde hormatly Arkadagymyzyň köpugurly şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çuň parasatynyň, bu ugurdaky beýik başlangyçlarynyň duranlygy hemmämize mälimdir. Gözel paýtagtymyzda bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin döredilýän giň gerimli şertler bitirilýän beýik işleriň ähmiýetini has-da artdyrýar, halkymyzy döredijilikli zähmete, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabat kuwwatly ykdysadyýetiň, ösen senagatyň, ylmyň we innowasiýalaryň, milli hem-de dünýä binagärligiň ajaýyp ýörelgeleriniň dabaralanýan mekanyna öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda şäher ilatynyň eşretli ýaşaýşy, dynç alşy, ýokary derejeli durmuşy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin amatly daşky gurşawy we şertleri kemala getirmek, innowasiýalara daýanýan köpugurly hyzmatlary hödürlemek ýaly wezipeleri üstünlikli berjaý etmek baş şäherimiziň ösüşinde esasy ýörelgeleriň hatarynda durýar. Milli Liderimiz häzirki döwürde ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň, şol sanda şähergurluşygynda sanly ulgama geçmegiň möhüm binýadynyň ylym we tehnikanyň gazananlary bilen pugta baglanyşyklydygyna aýratyn ähmiýet berip, bu ugurda mundan beýläk-de yzygiderli hem-de netijeli işleriň alnyp barylmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň kalbyna şatlyk, egsilmez joşgun berýär.
Baýrammuhammet ATANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.