- 22/11/2021
- 1210
Elektron resminamalaryň ýörite görkezijisi
Hasaplaýyş tehnikasynyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ösmegi bilen we kompýuter torlarynyň artýan uzynlygynyň hasabyna häzirki wagtda hasaplaýyş torlarda geçirilýänleri rugsat berilmedik elýeterlilikden goramaga uly üns berilýär. Elektron sanly gol (ESG) – bu resminamanyň ýörite görkezijisi bolup, ol döredilen pursadyndan başlap, elektron resminamadaky maglumatlaryň galplaşdyrylmadygyny görkezýär we onuň öz eýesine degişlidigini tassyklaýar. Elektron sanly gol resminamalary döretmäge we geçirmäge sarp edilýän wagty tygşytlaýar we şol sanda resminamalary saklamagyň we hasaba almagyň amallaryny kämilleşdirmäge, esasan, gerekli resminamalaryň gözlegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Elektron sanly gol şu ugurlarda ulanylýar:
resminamalaryň elektron dolanyşygynda;
gözegçilik edaralary üçin elektron hasabatda;
döwlet hyzmatlarynda;
elektron söwdada;
arbitražkazyýetde;
fiziki şahslar bilen resminama dolanyşygynda.
Mysal üçin, resminamalaryň elektron dolanyşygynda elektron sanly gol aşakdaky zerurlyklar üçin ulanylýar:
geçirilýän elektron töleg resminamasynyň bitewiligine gözegçilik etmekde, resminamanyň islendik ýa-da bilkastlaýyn üýtgetmelerden soň elektron sanly gol hakyky däl diýlip hasap edilende;
resminamany galplaşdyrmakdan we üýtgetmeleri girizmekden goramakda, geçirilýän resminamanyň islendik galp görnüşlerini ýüze çykarmakda. Elektron sanly goluň 3 sany görnüşi ulanylýar:
1. Ýönekeý gol – resminamanyň awtoryny kesgitleýän hem bolsa, şol resminamada üýtgetmeleriň bardygyny barlamaýar. Adatça, raýatlar tarapyndan hökümet edaralaryna resminamalary ibermek üçin ulanylýar.
2. Tejribesi ýeterlik bolmadyk gol resminamanyň awtoryny hem-de onda üýtgetmeleriň bardygyny kesgitleýär. Möhürli resminama hökmünde kabul edilýär.
3. Tejribesi ýeterlik gol güýçlendirilen tejribesi ýeterlik bolmadyk goluň bir görnüşi bolup, döwlet howpsuzlyk gullugy tarapyndan tassyklanan serişdeleriň üsti bilen döredilýär. Bular ýaly goly bolan resminamalar, köplenç, raýatlaryň döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin ulanylýar. Elektron sanly goluň işleýşi aşakdakylardan ybarat:
birinji ädim hökmünde resminama boýunça kriptografiki heş funksiýanyň bahasy hasaplanýar. Netijede, heş emele gelýär. Heş — bu kesgitlenen uzynlykly simwollaryň gysga setiri. Elektron sanly goly döretmek maksady bilen alnan heş ýapyk açaryň kömegi bilen şifrlenýär. Kabul ediji açyk açary ulanyp, alnan resminamanyň heşini hasaplamagyň üsti bilen resminamany şifrden açyp bilýär. Eger iberilmedik resminamanyň heşi iberilen resminamanyň heşi bilen gabat gelýän bolsa, şol resminama hakyky diýip hasap edilýär. Heşler gabat gelmedik ýagdaýynda resminama elektron sanly goluň garşysyna ýerine ýetirilen hüjümiň netijesinde ol galplaşdyryldy diýlip hasap edilýär.
Heş funksiýalaryny ulanmagyň birnäçe artykmaçlyklary bar:
Hasaplaýyş çylşyrymlylygy. Heşe gol çekmek amaly resminama gol çekmek amalyna görä sarp edilýän wagty tygşytlaýar.
Sazlaşyklyk. Heş funksiýany islendik teksti gerekli formata özgertmek üçin ulanyp bolýar. Dürli algoritmlerde berlenleri beýan etmegiň dürli görnüşleri ulanylýar.
Bitewilik. Käbir shemalarda uly resminamany kiçi bloklara bölmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Hakykylygy barlananda bolsa, heş funksiýa ulanylmasa, bloklaryň ählisiniň iberilendigine we olaryň tertibini kesgitlemäge mümkinçiligi ýok. Şeýlelikde, elektron sanly goluň esasynda goralan habarlaryň kriptodurnuklylygy onuň ähli düzüm bölekleri boýunça kesgitlenýär. Şol sebäpli, elektron sanly goluň statistiki bahalandyrmasyny geçirmek örän wajypdyr. Bu meseläniň netijeli çözülişi elektron sanly goly döretmegiň barla magyň toplumlaýyn ulgamynyň modelirlemesiniň we derňewiniň hasabyna ýerine ýetirilýär.
Nurguly SARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň kafedra müdiri.