- 22/11/2021
- 1035
Bilim portalynyň hyzmaty
Häzirki wagtda Arkadag Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem sanly ulgama geçmegiň meýilnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ulgama geçilmegi alnyp barylýan okuwlaryň hiliniň ýokarlanmagyna, wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Institutymyzda hem talyplara bilim bermek işini sanly ulgama geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Munuň üçin institutymyzda bilim portaly döredilip, okuw işinde bolup geçýän ähli amallary özünde jemleýär. Şeýlelikde, maglumatlarytiz almaga we uzak aralyklara zerur bolan halatynda geçirmäge mümkinçilik berýär. Onda talyplaryň degişli hünärler boýunça işläp taýýarlamalary ýerleşdirilýär. Bu bolsa talyplaryň okuwlara ýetişigine, şeýle hem mugallymlaryň olaryň işini gözegçilikde saklamaklaryna, talyplaryň usulyýet taýdan kämilleşmeklerine ýardam berýär. Talyplar sanly ulgamyň aýratynlyklaryny amaly we tejribe sapaklarynda özleşdirýärler. Şu ýerde aýratyn bir zady bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen indi birnäçe ýyldan bäri çagalarymyz 1-nji synpa baranda netbuklar mugt berilýär. Olar mekdepde okaýan döwründe mugallymlaryň ýardam bermeginde netbuklarda özbaşdak işlemegi, işläp bolanlaryndan soňra öçürmegi, özbaşdak sahypany döretmegi, belli bir ululykdaky tekstleri ýazmagy, olary enjamyň ýadynda saklatmagy, zerur bolan ýerlerinde düzedişleri girizmegi,maglumatlary saklamak üçin bukja döretmegi, öwredilýän dersler boýunça netbukda ýerleşdirilen maglumatlary tapmagy we olar bilen işlemegi öwrenýärler. Bu bolsa sanly tehnologiýalaryň jadyly dünýäsine aralaşmagyň illkinji ädimleridir. Orta mekdeplerde sanly ulgamyň kömegi bilen bilim alan we gerekli endikleri edinen okuwçylar ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter tehnologiýasy we dürli ugurlara degişli maksatnama düzmek boýunça sapaklar guralanda, öňden toplan düşünjeleri we edinen endikleri olara kömege gelýär. Olar mekdepde okan döwründe kompýuter bilen iş salyşmagyň başlangyç endiklerini doly ele alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, olaryň alan bilimlerini has-da çuňlaşdyrmak wezipesi öňümizde durýar. Hormatly Arkadagymyzyň işlemäge, öwrenmäge döredýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, hünärmenleri taýýarlamakda döredijilikli zähmet çekýäris. Biz ýaşlaryň işlemegi, döretmegi üçin ýadawsyz aladalary edýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Şaberdi GYLYÇTAGANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy.