Sanly ulgamyň belent ösüşleri

Image
  • 22/11/2021
  • 958

Sanly ulgamyň belent ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak işi ýokary depginler bilen dowam etdirilýär. Diýarymyzda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen «Sanly Çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň elektron hyzmatlary artdyrmak we IT ugurly hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda amala aşyrýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýete geçmeklik we ony ösdürmeklik belli bir wagty, serişdeleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri talap edýär. Sanly ulgamyň ösmegi üçin hojalyk gatnaşyklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary meýdançasynda hünärmenleriň sanly ykdysadyýet we programma üpjünçiligi babatda hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy hökmanydyr. Şu jähetden, ýurdumyzda sanly reformanyň durmuşa geçirilýän döwründe halk hojalygyna kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak we IT-hünärmenlerini taýýarlamak babatda uly öňegidişlikler gazanylýar.

Häzirki wagtda «Sanly Çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak ugrunda programma üpjünçiligini taýýarlamak işi ýokary depginde alnyp barylýar. Bu meýdança dahyllylar hökmünde ýurdumyzyň öňdebaryjy IT-kompaniýalary we hususy taraplar, talyplar hem-de programma üpjünçiligini döredip bilýän raýatlar hasaba alynýar.

Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly sanly hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagyny gazanmak sanly ulgama geçmegiň möhüm tapgyrydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Sanly Çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti dürli pudak edaralarynyň sanlylaşdyrmak bilen bagly sargytlaryny kabul edýär, olary ýerine ýetirmek üçin şertnama baglaşýar we taraplary gyzyklandyrýan programma üpjünçiliginiň tehniki talaplaryny kesgitläp, degişli işleri durmuşa geçirýär. Bu merkez tarapyndan ylmy-taslama bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, halkara sergilerine gatnaşýan we tehnologiýalary işläp düzýän ýaş alymlaryň taýýarlan innowasion oýlap tapyşlary degişli ýerlerde önümçilik synagyna goýberilip, oňyn netijeler gazanylýar.

«Sanly Çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ilkinji ylmy gadamlaryny üstünlikli basýan ýaşlaryň durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen ähmiýetli taslamalarynyň yzygiderli işlenip taýýarlanylýandygyny bellemek gerek. Muňa mysal edip, okuw maksatnamasynyň sanly ulgamda alnyp barylmagyna bagyşlanan, «Ukyply» diýlip atlandyrylýan onlaýn okuw sapaklarynyň programmasy arkaly dürli dersler boýunça mugallymlaryň çykyşlarynyň, şekilli we teswirli görnüşleriň diňleýjilere (okuwçylara we talyplara) hödürlenýändigini görkezmek bolar. Bu programma arkaly mugallym bilen okuwçynyň (ýa-da talybyň) arasynda göni wideoragatnaşyk ulgamynda sapaklar geçirilýär. Programmanyň üsti bilen sapaklara onlaýn gatnaşyjy degişli sapaklaryň temalarynyň wideo maglumatlaryny ýükläp almaga hem-de ony islendik wagtda peýdalanmaga we özleşdirmäge mümkinçilik alyp bilýär. Bu programmanyň işlenip düzülmegi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek ýolunda we berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagynda usulyýetdäki täze netijeli ädim boldy.

Bu gün Türkmenistanda IT-hünärmenleriniň ýetişdirilmegi, ykdysadyýetiň ähli babatlarda sanlylaşdyrylmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy, sanly özgertmeleriň ýeterlik serişdeler bilen üpjün edilmegi we onuň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda ýokary sepgitlere ýetilýär. Munuň özi «Sanly Çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň öňde goýan maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwletimizi ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek we halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak babatda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Aganepes AKUMMEDOW,

Ähli hukuklary goralan.