Document

Türkmen ýaşlary tehnologik täzelikleri amala aşyrýarlar

Image
  • 22/11/2021
  • 1751

Türkmen ýaşlary tehnologik täzelikleri amala aşyrýarlar

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ýa­nyn­da «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len bi­le­lik­dä­ki «San­ly çöz­güt IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň dö­re­dil­me­gi ýur­du­myz­da bi­li­mi, yly­my, önüm­çi­li­gi we işe­wür­li­gi bag­la­nyş­dyr­ýan il­kin­ji in­no­wa­si­on top­lu­my­ň eme­le gel­me­gi­ne ba­dal­ga bol­dy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hä­zir­ki wagt­da ins­ti­tu­tyň ta­lyp­la­ry­nyň we ýaş alym­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da «San­ly çöz­güt IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­na elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. «Halk­bank» Döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň sar­gy­dy bo­ýun­ça aw­tou­lag­la­ryň bel­gi­le­ri­ni ta­na­ýan we onuň esa­syn­da du­ral­ga­nyň der­we­ze­si­ni do­lan­dyr­ýan ul­ga­myň, ýan­gy­jyň harç­la­ny­ly­şy­nyň ha­sa­by­ny ýö­red­ýän prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi taý­ýar­la­nyl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi üçin elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy­nyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni iş­läp düz­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, «Biz­nes rek­la­ma» ga­ze­ti­niň we institutymyzyň elekt­ron web saýt­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy. Ins­ti­tu­tyň iç­ki res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy do­ly elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ril­di. Dür­li gör­nüş­li aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ryň we elekt­ron en­jam­la­ryň on­lar­ça­sy iş­le­nip dü­zül­di we pa­tent­leş­di­ril­di. Ola­ryň ara­syn­da «Akyl­ly öý» ul­ga­my, aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ýag­ty­lan­dy­ryş ul­ga­my, aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ýy­la­dyş­ha­na, Gün kol­lek­tor­ly aw­to­mat­laş­dy­ry­lan tem­pe­ra­tu­ra ka­da­laş­dy­ry­jy ul­gam we bir­nä­çe ro­bot dö­re­dil­di.

Önüm­çi­lik ta­ra­pyn­dan is­leg bil­di­ril­ýän elekt­ron en­jam­la­ry iş­läp düz­mek üçin ins­ti­tu­tyň ta­lyp­la­ry, tas­la­ma­nyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, elekt­ron she­ma­nyň to­po­lo­gi­ýa­sy­ny tas­la­mak, she­ma üçin amat­ly ýa­rym­ge­çi­ri­ji ele­ment­le­ri, mik­ro­gö­zeg­çi­le­ri we pe­ri­fe­ri­ýa en­jam­la­ry­ny saý­lap al­mak, ýö­ri­te­leş­di­ri­len prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni dö­ret­mek, elekt­ron she­ma­nyň to­po­lo­gi­ýa­sy­nyň su­ra­ty­ny pla­ta ge­çir­mek, ele­ment­le­ri keb­şir­le­mek, elekt­ron she­ma­nyň ýy­ly­lyk ka­da­la­ry­ny kes­git­le­mek, daş­ky gu­ty­nyň mo­de­li­ni iş­le­mek we ýa­sa­mak ýa­ly iş­le­ri öz­leş­dir­ýär­ler. Ne­ti­je­de, ta­lyp­lar elekt­ron en­jam­la­ry tas­la­mak­dan baş­lap, onuň iş­çi mo­de­li­ni ýa­sa­ma­ga çen­li teh­no­lo­gik zyn­jy­ry do­lu­ly­gy­na öz­leş­dir­ýär­ler.    

Ähli hukuklary goralan.