«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • «Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi
Image
  • 22/11/2021
  • 1055

«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi

Şu gün 2020-nji ýylyň 23 – 27-nji noýabr aralygynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen maglumat telekommunikasiýa ulgamynda «Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik, akylly şäher ýaly 7 ugur boýunça geçirildi.

Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda bäsleşigiň her bir ugry boýunça bir sany birinji, iki sany ikinji we üç sany üçünji orun kesgitlenildi.

«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary  baýrakly orunlara mynasyp boldylar.

Ýeňiji bolan talyplar:

  1. Annaýew Begenç "Akylly şäher" ugry boýunça II orun.
  2. Mergenow Durdygylyç "Hyzmatlar ulgamy"  ugry boýunça II orun.
  3. Aýydow Hajymyrat "Ylym we Bilim" ugry boýunça II orun.
  4. Didarow Atageldi "Orta we kiçi telekeçilik" ugry boýunça II orun.
  5. Akmämmedow Ýusup "Orta we kiçi telekeçilik" ugry boýunça III orun.
  6. Muhammetberdiýew Begenç "Hyzmatlar ulgamy" ugry boýunça III orun.
  7. Annanyýazow Bahaweddin "Ulag we kommunikasiýa" ugry boýunça III orun.
  8. Bäşimow Şöhrat "Ulag we kommunikasiýa" ugry boýunça III orun.
  9. Ataýew Hajymuhammet "Saglygy goraýyş" ugry boýunça III orun.

Ähli hukuklary goralan.