Document

Türkmenistan — bagtyýarlygyň Watany

Image
  • 22/11/2021
  • 3446

Türkmenistan — bagtyýarlygyň Watany

Watanym gün-günden has öňe barýar,

Türkmenistan — bagtyýarlygyň Watany.

Bedew bady bilen galkynýar Diýar,

Türkmenistan — bagtyýarlygyň Watany.

 

Baglar güller açar idegi bilen,

Watan öňe barýar Lideri bilen,

Bu toprak ebedi, keramat-kerem,

Türkmenistan — bagtyýarlygyň Watany.

 

Eziz halkym, dagdan beýik arkaň bar,

Ýer ýüzünde hormatyň bar, sarpaň bar,

Gyratyň bar, dutaryň bar, ertäň bar,

Türkmenistan — bagtyýarlygyň Watany.

 

Beýik Ýüpek ýoluň ýüregi sensiň,

Dünýäň göwher gaşly ýüzügi sensiň,

Geçmişiň, geljegiň özeni sensiň,

Türkmenistan — bagtyýarlygyň Watany.

 

Aýbölek HANDURDYÝEWA, institutyň 2-nji ýyl talyby.

Ähli hukuklary goralan.